Fransiýanyň hökümeti ýurtda syýahatçylygy ösdürmek üçin 1,9 mlrd ýewro bölüp berer

  • 21.11.2021 23:09
  • 2.7k+

Fransiýanyň hökümeti respublikada syýahatçylyk pudagynyň ösüşi üçin 1,9 mlrd ýewro bölüp berer. Bu barada ýurduň premýer-ministri Žan Kastekse salgylanyp, France Info radio stansiýasy habar berýär. Muny TASS ýetirýär.

Endr we Luara departamentine sapary wagtynda Kasteks “daşary ýurtly syýahatçylaryň kem-kemden ýurda gaýdyp gelýändigini” aýtdy. Şol bir wagtyň özünde, ol syýahatçylyk pudagynyň goldawa mätäçdigini belledi. “Men döwrebaplaşdyryş maýa goýumlaryna üns bermelidigine ynanýaryn”. 

Radio stansiýasynyň habar bermegine görä, Kasteks tarapyndan hödürlenen, 10 ýyllyk üçin niýetlenen meýilnama, hususan-da, syýahatçylyk bilen baglanyşykly kiçi we orta kärhanalara döwrebaplaşdyryş üçin karz görnüşinde 750 mln ýewronyň bölünip berilmegini göz öňünde tutýar. Mundan başga-da, hökümet infrastruktura taslamalaryna, sanly pudakdaky meýilnamalara, şeýle-de medeni mirasy ösdürjek taslamalara goldaw berer. Meýilnama syýahatçylyk pudagy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagy hem göz öňünde tutýar. 


şu gün 09:50
2.6k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

düýn 16:31
4.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

düýn 14:41
5.1k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

düýn 00:59
6.9k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......