Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Halkara gidrologiýa maksatnamasynyň Hökümetara geňeşiniň agzalygyna saýlandy

  • 19.11.2021 20:08
  • 4k+

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Halkara gidrologiýa maksatnamasynyň Hökümetara geňeşiniň agzalygyna 2021-2025-nji ýyllar döwri üçin saýlanyldy. Degişli çözgüt ÝUNESKO-nyň 2021-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Baş Konferensiýasynyň 41-nji mejlisinde kabul edildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Halkara gidrologiýa maksatnamasynyň maksady gidrologiýa ulgamynda bilimi ösdürmäge we çuňlaşdyrmaga, bu ugurda häzirkizaman tilsimatlara we çemeleşmelere, şeýle hem ýerýüzüniň suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak boýunça netijeli strategiýa we syýasata ýardam bermekden ybarat bolup durýar. Hökümetara geňeşiniň çäklerine gidrologiýa maksatnamalaryny meýilleşdirmek, onuň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek, şeýle-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy utgaşdyrmak ýaly meseleleri öz içine alýar.

Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň Halkara gidrologiýa maksatnamasynyň Hökümetara geňeşiniň agzalygyna saýlanylmagy döwlet tarapyndan durmuşa geçirilýän ekologiýa we suw diplomatiýasy bilen sazlaşykly utgaşýan suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak boýunça halkara we sebit hereketlerine işjeň gatnaşmak babatda ýurduň tagallalarynyň ýene bir aýdyň tassyknamasydyr.


11.05.2026 22:55
859

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......