Kosmos zibilleri nä derejede howply we adamzat olara garşy nähili göreşýär?

  • 21.11.2021 14:54
  • 10k+

Geljekde Ýeriň orbitasynda kosmiki zibiller has köpeler we kosmos gämilerini uçurmak mümkin bolmaz. Munuň öňüni almak üçin alymlar orbitany arassalamaga gönükdirilen taslamalary taýýarlaýarlar we işe girizýärler. TmCars.info aşakda görkezilen çeşmelere we beýleki internet maglumatlaryna esaslanyp, şular dogrusynda siziň dykgatyňyza ýetirýär.

Ferra.ru-nyň Overclockers-e salgylanyp habar bermegine görä, häzirki wagtda Ýeriň orbitasynda 6,5 ​​müňden gowrak hemra bar. Muňa garamazdan, olaryň diňe ýarysy işleýär. Geçen ýylyň özünde 1200-den gowrak kosmos gämisi kosmosa uçdy we olaryň sany ýylsaýyn ýene artar. Bu bolsa orbitadaky galyndylaryň mukdaryny hasam artdyryp biler.

Aslynda, kosmos zibilleri näme? Bular - hemralaryň, raketalaryň we beýleki emeli apparatlaryň bölekleri. NASA häzirki wagtda orbitada, takmynan, 27 müň obýektiň bardygyny we olaryň tizliginiň sagatda 24 müň kilometre barabardygyny belleýär. Şonuň üçin olaryň islendik biri hemra ýa-da raketa aňsatlyk bilen çaknyşyp biler. Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň mart aýynda "48078-nji obýekt" (galyndy bölegi) Hytaýyň “Yunhai 1-02” emeli hemrasyna çaknyşyp, ony ýok edipdi. Ýöne beýle ýagdaýlar seýrek ýüze çykýar. Eger-de missiýanyň gözegçileri tarapyndan öz wagtynda ýüze çykarylsa, käte çaknyşyklaryň öňüni alyp hem bolýar diýip, çeşme belleýär.

2010-njy ýyla çenli her ýylda, takmynan, 100 apparat kosmosa çykýardy we 2021-nji ýylda olaryň sany 1400-den geçdi. Mundan başga-da, ýakyn geljekde “SpaceX” we “Blue Origin” sputnikleriň ýörite toparlaryny orbita iberer, bu ýeriň ýaşaýjylaryna simsiz giň zolakly internete girmäge mümkinçilik berer. Ýöne olar hem kosmos galyndylary bilen bagly ýagdaýy hasam kynlaşdyrar. Wagt geçdigiçe orbitadaky kosmos gämileriniň we kosmos galyndylarynyň sanynyň köpelmegi netijesinde, emeli hemralar çaknyşmazlyk üçin has köp hereket etmeli bolarlar. Kosmos zibilleriniň köpelmegi kosmosdaky çaknyşyklaryň köpelmegine we Kessler sindromyna sebäp bolup biler. Kessler sindromy diýlip, orbitanyň ulanyp bolmajak ýagdaýa gelmegine aýdylýar.

Ýeriň orbitasyny nädip galyndylardan arassalap bolýar? 2012-nji ýylda EPFL-iň (Şweýsariýanyň Federal Tehnologiýa Instituty) alymlary belli bir bölegi - fragmenti tutup, Ýere alyp gaýtjak CleanSpaceOne hemrasyny döretmegi teklip etdiler. Bu galyndylar atmosferanyň dykyz gatlaklarynda hemra bilen bilelikde ýanar diýlip çaklanylýar. Ýöne bu tehnologiýa juda gymmat düşýär we ony durmuşa geçirmek üçin has köp wagt zerur.

Orbitany zibillerden arassalamagyň ýene bir usuly 2016-njy ýylda Ýaponiýanyň Aerokosmiki gözleg gullugy tarapyndan teklip edildi. Gulluk planetanyň magnit meýdanyndan peýdalanyp, galyndylary atmosfera tarap ugrukdyrýan elektrodinamiki kabeli kosmosa iberdi. Ondan soň, 2018-nji ýylda Angliýada “Surrey” kosmos merkeziniň “RemoveDEBRIS” taslamasy işe girizildi. Onuň netijesinde tor, garpun we çekmek arkaly galyndylary gabamagyň netijeliligi synag edildi.

2020-nji ýylda Perdýu uniwersitetiniň işgärleri hatda ullakan fragmentleri hem tutup, Ýeriň atmosferasyna tarap gönükdirip bilýän Spinnaker3 çekiji ýelkeni döretdiler. Spinnaker3 missiýasyna 2021-nji ýylyň ahyrlarynda badalga berler diýlip garaşylýar.

2021-nji ýylyň mart aýynda Ýaponiýanyň “Astroscale” kompaniýasy tarapyndan döredilen ELSA-d hemrasy kosmosa uçuryldy. Enjam orbitada hereketsiz galan kiçeňräk hemralary tutar. 2021-nji ýylyň awgust aýynda enjamyň ilkinji synagy üstünlikli tamamlandy.


18.04.2026 12:25
7.2k+

10 ýaşly gyzjagaz NASA haýyş bilen hat ýazdy

Kaela atly 10 ýaşly gyzjagaz NASA hat ýazyp, Plutonyň resmi taýdan ýene-de planeta hökmünde yglan edilmegini haýyş etdi. The Times of India neşiriniň habar bermegine görä, çaga tarapyndan ädilen bu mähirli we......

15.04.2026 21:17
4.9k+

NASA-nyň täze açyşy sunamiden wagtynda gaçyp gutulmaga şert döreder

Alymlar taryhda ilkinji gezek ummanyň çuňluklarynda sunaminiň nähili döreýändiginiň takyk we iki ölçegli (2D) suratyny alyp bildiler. Euronews neşiriniň habar bermegine görä, bu täsin suratlar SWOT emeli......

08.04.2026 14:38
6.7k+

Bulary biz hiç wagt görmändik: NASA Aýyň arka tarapyndan pursatlary görkezdi

Aeronawtika we kosmos giňişligini öwrenmek boýunça milli müdirlik (NASA) Artemis II missiýasynyň dowamynda «Orion» kosmos gämisi bilen Aýyň daşyndan aýlanyp çykylan wagty alnan özboluşly fotosuratlary we......

07.04.2026 10:28
8k+

4 sany iPhone 17 Pro Max Orion gämisinde hakykatdan hem Aýa ugradyldy: telefonlar uçuşa nähili taýýarlandy

«Artemis II» missiýasynyň çäginde «Orion» kosmos gämisinde Aýa tarap dört sany iPhone 17 Pro Max smartfony ugradyldy — ekipažyň her bir agzasyna bir enjam berildi....