NASA ýene 6 müňden gowrak planetanyň bardygyny tassyklady

  • 24.09.2025 13:11
  • 3.3k+

NASA Gün ulgamyndan daşary ýene 6 müňden gowrak planetanyň bardygyny tassyklady diýip, Science Alert neşiri habar berýär.

Ilkinji ekzoplanetalar 1992-nji ýylda açyldy: astronomlar pulsaryň töwereginde aýlanýan birnäçe planetany ýüze çykardy. 1995-nji ýylda esasy yzygiderlikdäki ýyldyzyň töwereginde ilkinji planeta tapyldy. 2015-nji ýyla çenli açylan ekzoplanetalaryň sany 1 müňe ýetdi, 2016-njy ýylda ýene 1,5 müňüsi goşuldy, 2022-nji ýylyň martyna çenli olaryň sany eýýäm 5 müňe barabardy. 2025-nji ýyla çenli bu görkeziji 6 müňden geçdi.
Alymlar munuň bolup biljek planetalaryň diňe ujypsyz bölegidigini belleýär: Akmaýanyň ýolunda olaryň sany, takmynan, 100 mlrd bolup biler. Açylan jisimleriň arasynda gyzgyn ýupiterler, orbital döwri örän gysga bolan planetalar, hemişe bir tarapy öz ýyldyzyna bakyp duran, bir tarapy gyzgyn we bir tarapy sowuk planetalar, şeýle-de demir ýagyşdan başlap, penoplast ýaly ýeňil ýagşa çenli adatdan daşary şertleri bolan jisimler bar.
Ekzoplanetalaryň köpüsi tranzit usuly arkaly tapylýar – planeta öz ýyldyzynyň öňünden geçende näçe ýagtylygy petikleýändigi ölçenilýär. Şöhle tizlikleri, astrometriýa we grawitasiýa linzasy usullary bolsa goşmaça maglumatlary berýär. Göni surata düşüriş atmosferanyň himiki düzümini öwrenmäge mümkinçilik berýär, ýöne şeýle synlar ýüzden az.
Geljekde ESA, PLATO, CHEOPS we ARIEL missiýalary täze ekzoplanetalary gözläp, eýýäm mälim bolanlary has giňişleýin öwrener. 


17.06.2026 11:18
1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

14.06.2026 16:13
6k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

11.06.2026 10:55
1.8k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....