Täjigistanda gymmat bahaly metallaryň we daşlaryň eksporty $19 mln ýokarlandy

  • 19.11.2021 14:44
  • 5.4k+

Täjigistan şu ýylyň on aýynda gymmat bahaly metallaryň, ýarym gymmat bahaly daşlaryň we metallaryň eksportyny hem-de importyny artdyrdy. Bu barada avesta.tj habar berýär.

Respublikanyň Statistika agentliginiň maglumatlary boýunça, gymmat bahaly we ýarym gymmat bahaly daşlaryň we metallaryň eksporty 708 mln 925 müň dollar boldy, bu hem 2020-nji ýylyň degişli döwründäki görkezijilerden 19,1 mln dollar ýokarydyr.
Statistika maglumatlaryna görä, bu metallaryň eksport möçberiniň ösüşi 2020-nji ýyldaky görkezijilerden 2,8% ýokary boldy.
Görkezilen döwürde gymmat bahaly we ýarym gymmat bahaly daşlaryň we metallaryň import bahasy 4,8 mln dollardan gowrak bolup, onuň ösüşi 2020-nji ýyldaky görkezijiden 3,3 esse köpdür.
Eýýäm birnäçe ýyl bäri Täjigistanyň Senagat we täze tehnologiýalar ministrligi ýurtda altyn önümçiliginiň mukdarynyň köpelendigini habar berýär, ýöne respublikada öndürilen altynyň mukdaryny mälim etmekden saklanýar.


27.05.2026 14:21
5.4k+

Dünýäniň azyk eksportynyň 80%-den gowragyny emele getirýän öňdebaryjy 30 ýurt

Azyk eksporty ýurduň ykdysady täsirliliginiň esasy görkezijisi bolmagynda galýar. Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) maglumatlaryna görä, dünýäniň azyk bazarynyň 80% -den gowragy, ýagny 1,5 trillion dollary,......

30.04.2026 17:05
2.7k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......

05.03.2026 20:23
1.9k+

Duşenbede türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi

2026-njy ýylyň 3-4-nji marty aralygynda Duşenbe şäherinde Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi boldy. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň...

05.03.2026 20:06
12k+

Taňryguly Atahallyýew Täjigistanyň Prezidenti bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 4-nji martynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Duşenbe şäherine iş sapary bilen gelen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewi kabul etdi...