Jo Baýden Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk hatyny iberdi

  • 18.11.2021 19:42
  • 23k+

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Jozef Baýden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen hatynda türkmen Liderine hem-de Türkmenistanyň Hökümetine şu ýylyň awgustynda we sentýabrynda Owganystandan raýatlary çykarmak işi wagtynda beren kömegi hem-de hyzmatdaşlygy üçin hoşallyk bildirdi.

«Biz Siziň üstaşyr uçuşa, ýangyç guýmaga öz wagtynda dessin rugsat bermekdäki kömegiňize, ýolagçylary barmaly ýerlerine äkitmekdäki ýardamyňyza ýokary baha berýäris» - diýlip ABŞ-nyň Lideriniň hatynda bellenilýär.

Şeýle hem Baýden Türkmenistan bilen Birleşen Ştatlaryň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň wajypdygyny hem-de onuň ýyldan-ýyla pugtalandyrylýandygynyň şaýady bolýandygyna şatdygyny belledi. «Sebäbi biz howa, sebit howpsuzlygy, adam hukuklary we ykdysady mümkinçilik ulgamlarynda tagallalarymyzy goldamak üçin bilelikde iş alyp barýarys» - diýip Baýden belleýär.

Hatyň ahyrynda ABŞ-nyň Prezidenti «Birleşen Ştatlar, ozalkysy ýaly, Türkmenistanyň özbaşdaklygyny, Garaşsyzlygyny hem-de çäk taýdan bitewüligini pugta goldaýar» diýip belleýär.

Belläp geçsek, Türkmenistan daşary ýurtlaryň Owganystandaky raýatlarynyň daşary ýurt döwletleriniň howa gämileri bilen äkidilmegi üçin özüniň howa giňişligini üpjün etdi.


düýn 16:26
3.9k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

düýn 10:55
5.2k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

09.06.2026 08:03
14k+

Kazyýet işi Ak tamyň ýanynda geçirilmeli UFC ýaryşyny howp astynda goýdy

UFC ýaryşynyň geçirilmegine bir hepde galanda, ABŞ-nyň harby güýçleriniň weteranlaryny hem öz içine alýan bir topar raýat bu çäräni gadagan etmegi talap edip, käzyýete ýüz tutdular....

08.06.2026 17:48
7.1k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......