Awstriýada COVID-19-a garşy sanjym almadyklar üçin lokdaun yglan edildi

  • 18.11.2021 18:25
  • 6.4k+

Awstriýanyň häkimiýetleri 15-nji noýabrdan başlap koronawirusa garşy sanjym almadyk raýatlar üçin lokdaun yglan etdi. Bu barada respublikanyň kansleri Aleksandr Şallenbergiň sözlerine salgylanyp, rbc.ru habar berdi.

“Biz sanjym almagyň derejesini ýokarlandyrmalydyrys. Ol häzir masgaraçylykly pes derejede" - diýip, Deutsche Welle Şallenbergiň sözlerini getirýär.

Şertli lokdaun on günlük girizildi. Oňa laýyklykda, sanjym almadyk raýatlara degerli sebäpleri bolmazdan öýden çykmak gadagan edilýär. Bu çäklendirme işe ýa-da okuwa, azyk dükanyna ýa-da lukmana görünmäge barýanlara degişli däldir. Şeýle hem ol 12 ýaşa çenli çagalara-da degişli däl diýip, Die Welt ýazýar.

Umuman alanyňda, Şallenbergiň pikiriçe, bu lokdaun ýurduň ilatynyň, takmynan, üçden bir bölegine ýa-da sanjym edilmedik 2 million töweregi raýata degişli bolar. Ýurtda polisiýa işgärleri raýatlardan sanjym alandygy baradaky resminamany görkezmegi talap eder, düzgün bozulan halatynda bolsa jerime salar.

“The Washington Post” gazetiniň habaryna görä, Awstriýa Günbatar Ýewropada sanjymlaryň derejesi boýunça iň pes görkezijä eýe bolup, onda ilatyň diňe 65%-ine doly sanjym edilendir. Şol bir wagtyň özünde, ýurt soňky günlerde her gün koronawirus bilen kesellän adamlarynyň sany boýunça rekord goýýar.


18.12.2025 23:57
1.7k+

Aşgabatda Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň mejlisi geçirildi

17-nji dekabrda Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň mejlisi geçirildi. Onda şu ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Utgaşykly görnüşde geçirilen mejlise türkmen we awstriýa tarapyndan toparyň agzalary gatnaşdylar...

21.08.2025 23:51
1.2k+

70-nji ýubileý “Ýewrowideniýe” aýdym-saz bäsleşigi Wenada geçiriler

70-nji ýubileý “Ýewrowideniýe” bäsleşigi 2026-njy ýylda Wenada geçiriler. Bu barada çäräniň resmi saýtynda habar berildi. “Final 16-njy maýda ýurduň iň uly arenasynda, Winer-Ştadthallede geçiriler” – diýlip, metbugat relizinde aýdylýar...

28.07.2025 14:14
4.6k+

Türkmenistanyň Ýaşlar kamera orkestri Wenada geçirilen festiwalda ýene-de "Altyn baýrak" aldy

Türkmenistanyň zehinli sazandalaryndan ybarat bolan Ýaşlar kamera orkestri 23 — 26-njy iýul aralygynda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde XI Bütindünýä orkestr festiwalyna gatnaşyp, "Altyn baýraga" mynasyp boldular...

18.05.2025 10:09
4.7k+

“Ýewrowideniýe-2025” aýdym-saz bäsleşiginde Awstriýa ýeňiji boldy

Awstriýaly aýdymçy JJ (Ýohannes Pitç) Şweýsariýanyň Bazel şäherinde geçirilen “Ýewrowideniýe-2025” aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. “Wasted Love” (“Biderek söýgi”) aýdymyny ýerine ýetiren aýdymçy 436 bal gazandy...