Babadaýhan etrabyndaky täze dokma toplumy açylmaga taýýar edildi

  • 16.11.2021 09:11
  • 5.5k+

Häzirki günlerde Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda gurlan täze dokma toplumynyň açylyş dabarasyna taýýarlyk görülýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow 15-nji noýabrda geçirilen iş maslahatynda hasabat berip, onuň medeni maksatnamasynyň degişli düzümler bilen bilelikde işlenip taýýarlanylandygyny aýtdy.

Türkmen Lideri hasabaty diňläp, soňky ýyllarda ýurdumyzda gaýtadan işleýän pudagyň okgunly ösdürilýändigini, eksport ugurly önümçiligiň artdyrylýandygyny belläp, Babadaýhan etrabynda gurlan dokma toplumynyň açylyş dabarasyna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülmelidigine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutany bu kärhananyň doly güýjünde işledilmegi bilen bagly meseleleriň wajypdygyny nygtap, onuň Diýarymyzda öndürilýän pagtany gaýtadan işlemekde hem-de senagatyň bu pudagynyň kuwwatyny artdyrmakda, täze iş orunlaryny döretmekde, bu ýerde zähmet çekjek hünärmenleriň hünär derejesini kämilleşdirmekde wajyp ähmiýete eýe boljakdygyny belläp, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.


şu gün 11:41
2.2k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

şu gün 11:35
2.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

düýn 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.4k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......