Hasyl toýy mynasybetli dabaralar we sergi guraldy

  • 15.11.2021 01:37
  • 4.2k+

14-nji noýabrda ýurdumyzda Hasyl toýy mynasybetli dabaralar geçirildi. Bu baýramçylyk oba hojalyk ýylynyň, ekerançylaryň tutanýerli zähmetiniň jemini jemleýär, türkmen topragynyň berekedini, saçaklarymyzyň bolçulygyny alamatlandyrýar.

Şanly waka mynasybetli Diýarymyzyň ähli künjeklerinde dürli mowzuklaýyn maslahatlar guraldy, mähriban topragymyzyň sahawatlylygyny görkezýän sergiler we ýarmarkalar guraldy. Däp bolşy ýaly, esasy baýramçylyk dabaralary paýtagtymyzda geçirildi. Bu ýere ähli sebitlerden halk hojalygynyň öňdebaryjy wekilleri geldi.

Hasyl toýunyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ösüşine mynasyp goşant goşýan öňdebaryjy kärendeçileri , mehanizatorlary, alym-agronomlary, seçgiçileri, beýleki oba hojalyk hünärmenlerini sylaglamak dabarasy boldy we onda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, şu ýyl ýokary netijeleri gazanan obasenagat pudagynyň öňdebaryjylaryna döwlet sylaglary gowşuryldy.

Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasy esasy baýramçylyk çäreleriniň geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu ýerde oba hojalygynyň hem-de agrosenagat toplumynyň gazanan üstünlikleriniň uly sergisi guraldy.

Obasenagat toplumynyň işgärleriniň adyndan döwlet Baştutanyna Hazyna atly ajaýyp ahalteke bedewiniň gowşurylmagy baýramçylygyň möhüm wakasy boldy.

Sergi merkezinde obasenagat toplumynyň ähli edaralary we kärhanalary öz bölümlerini ýaýbaňlandyrdylar. Pagtaçylyk hem-de däneçilik pudaklarynyň, maldarçylyk, azyk, dokma senagatynyň we haly önümleri myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. Bu ýerde dünýäniň esasy önüm öndürijileriniň iň täze oba hojalyk tehnikalarynyň nusgalary-da görkezildi. Welaýatlaryň baýramçylyk sergi bölümlerinde “ak altynyň” täze hasyly, guşgursak bugdaý, bakja, gök önümleriniň hem-de miweleriň köp görnüşleri görkezildi.


düýn 17:48
3.7k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

düýn 12:12
2.4k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

06.06.2026 14:40
2.4k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....