Özbegistanly dellek Ginnesiň rekordyny goýdy

  • 14.11.2021 23:32
  • 32k+

Meşhur özbegistanly dellek Şuhrat Ismatillaýew 10 sagadyň dowamynda 110 adamyň saçyny deňländen soň Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Rekord üçin 100 adamyň saçyna timar bermelidi, ýöne Ismatillaýew başlangyç meýilnamany artygy bilen ýerine ýetirdi.

Şuhrat Ismatillaýewiň Sputnik agentligi bilen söhbetdeşlikde aýdyşyna görä, 10 sagadyň dowamynda onuň özi we kömekçileri diňe aýak üstünde boldular we maksimum bir stakan suw içdiler.

“Saklan!” duýduryşyndan soň meniň aýaklarym agyryp başlady, galan ähli zat häzirlikçe gowy. Iş wagtynda men 100 gram suw içdim. Iýmit barada hatda pikirem etmedim. Şu gün men düýşümde-de saç deňlemegi dowam etdirerin, ýöne birnäçe günläp men hiç kimiň saçyny islendik pul üçin timarlamaryn” – diýip, Şuhrat degişmek bilen belledi.

Ol proses wagtynda goldaw berenleriň ählisine minnetdarlyk bildirdi we şunuň bilen saklanmajakdygyna wada berdi.

“Bularyň ählisini men ene-atamyň, dostlarymyň we ýurdumyň maňa buýsanmagy üçin edýärin. Men şunuň bilen saklanmak islemeýärin – indiki ädim dünýä çempionaty bolar” – diýip, Şuhrat aýtdy.


08.06.2026 18:02
4.4k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

08.06.2026 12:39
6.1k+

Taýwanda boýy 27 gatly jaýa deňeçer Gündogar Aziýanyň iň belent agajy tapyldy

Alymlar Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň nirede ýerleşýändigini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýen ady alan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Munuň özi 27 gatly binanyň belentligi bilen deňdir....

08.06.2026 08:03
4.8k+

Nemes türgeni 367 günde 367 marafon geçdi: zenan bir ýyldan gowrak wagt bäri ylgap ýör

Nemes türgeni Joýs Hýubner yzly-yzyna 367 günüň dowamynda 367 marafon geçip, bu ugurda dünýäde şeýle netije görkezen ilkinji zenan boldy. Bu täsin üstünlik barada Germaniýanyň Spiegel neşiri habar berýär....

04.06.2026 17:17
5.8k+

1 ýaşamadyk suratkeşem bar, 14 ýaşly alymam: dünýäniň iň ýaş rekordçylary

Çagalaryň käbiri entek mekdebi tamamlamanka dünýä rekordçysyna öwrülmegi başarýarlar. Olaryň sungatda, ylymda, žurnalistikada, moda ugurlarynda gazanan üstünlikleri eýýäm ömürleriniň ilkinji ýyllarynda......