Berdimuhamedow egindeşleri bilen Awazada sport bilen meşgullandy

  • 14.11.2021 10:51
  • 8.2k+

13-nji noýabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow egindeşleri bilen Hazaryň kenarynda gurlan köpugurly sport toplumyna bardy we bu ýerde egindeşleri bilen sportuň kiçi futbol görnüşi boýunça bäsleşik gurady. 

Sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary bolan döwlet Baştutany asylly başlangyçlary bilen ähli watandaşlarymyza, ozaly bilen, ýaşlara şahsy görelde görkezýär. Şoňa görä-de, soňky ýyllarda ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe we ýokary netijeli sportuň görnüşleri bilen meşgullanmak üçin zerur şertler döredilýär. Bu bolsa halkara ähmiýetli ýaryşlara gatnaşyp, abraý gazanýan türkmen türgenleriniň sanynyň artmagyny şertlendirýär. Şeýlelikde, türkmen sportunyň dünýä ýüzündäki derejesi barha belende galýar.


düýn 17:48
5.7k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

düýn 12:12
3k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3.1k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

06.06.2026 14:40
2.5k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....