Hasyl toýy mynasybetli zähmetde tapawutlananlara sylaglar gowşuryldy

  • 14.11.2021 10:33
  • 5.1k+

13-nji noýabrda Aşgabadyň «Mekan» köşgünde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýan kärendeçileri, pagtaçylary, gallaçylary, mehanizatorlary, alym-agranomlary, seçgiçileri we beýleki oba hojalyk hünärmenlerini sylaglamak dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlaryna laýyklykda, döwlet sylaglaryna mynasyp bolan oba hojalyk zähmetkeşleriniň hormatlanylmagy ýurdumyzda tejribesini, bilimini we başarnygyny Watana hyzmat etmäge bagyşlan öz işiniň ussatlaryna goýulýan belent sarpanyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

TmCars.info-nyň ozal habar berşi ýaly, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 11-nji noýabrynda Milli Geňeşiň agzalarynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly geçiren maslahatynda zähmetde tapawutlanan we uly üstünlikleri gazanan oba hojalyk işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakyndaky Permanlara gol çekdi.


19.06.2026 10:10
3.3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.9k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......