Bottas Braziliýanyň Gran-prisiniň sprint ýaryşynda ýeňiji boldy

  • 14.11.2021 10:30
  • 2.2k+

«Mersedesden» finlýandiýaly Waltteri Bottas «Formula-1» ulag klasyndaky awtoýaryşlar boýunça dünýä çempionatynyň 19-njy tapgyry bolan Braziliýanyň Gran-prisiniň sprint ýaryşynda ýeňiji boldy. 

Ikinji orny “Red Bulldan” niderlandly Maks Werstappen, üçünji orny “Ferrariden” ispaniýaly Karlos Saýns eýeledi. Saýlama tapgyrynda düzgüni bozandygy sebäpli iň soňky bolup badalga alan “Mersedesiň” britaniýaly sürüjisi Lýuis Hemilton bäşinji orny eýeledi. 
Sprint 100 km aralyga ýaryş bolup, onuň netijesinde uik-endiň esasy ýaryşynyň start gözenegi kesgitlenýär. Ilkinji üç sürüji, degişlilikde, üç, iki we bir utuk gazandylar.
Werstappen umumy sanawda Hemiltondan arany açdy. Niderlandly sürüjiniň hasabynda 314,5 utuk, britaniýaly sürüjiniň hasabynda 293,5 utuk bar. Olar çempionatda ýeňşe ýeke-täk dalaşgärler hasaplanýar. Hemilton içerki ýangyç hereketlendirijisini çalşandygy sebäpli, start gözeneginde bäş orny ýitirip, ýaryşa 10-njy orundan başlar. 
Esasy ýaryş ýekşenbe güni geçiriler we Aşgabat wagty bilen 18:00-da başlar.


düýn 17:43
2.9k+

Ançelotti Braziliýanyň milli futbol ýygyndysy bilen şertnamany 2030-njy ýyla çenli uzaltdy

Italiýaly tälimçi Karlo Ançelotti Braziliýanyň futbol boýunça milli ýygyndysy bilen şertnamasyny 2030-njy ýyla çenli uzaltdy. Bu barada Braziliýanyň Futbol konfederasiýasynyň metbugat gullugy habar berýär....

05.05.2026 15:03
4.3k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
2k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....

25.04.2026 15:19
1.5k+

Formula-1 toparlarynyň gymmatlyk reýtingi çap edildi: Ferrari 7 milliard dollar bilen öňde barýar

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Formula-1 toparlarynyň gymmaty birden ýokarlanmagyny dowam etdirýär we indi her bir toparyň bahasy azyndan 1 milliard dollara ýetdi. Bu baradaky maglumatlar «PlanetF1» neşiri......