Halk Maslahatynyň agzalary täze kanunlary ara alyp maslahatlaşdylar

  • 13.11.2021 22:36
  • 8.2k+

TmCars.info-nyň ozal habar berşi ýaly, 12-nji noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň üçünji mejlisi geçirildi. Onda 30-njy oktýabrda geçirilen Milli Geňeşiň Mejlisiniň on bäşinji maslahatynyň barşynda kabul edilen kanunlara garaldy.

Ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisi tarapyndan kabul edilen “Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanuny ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyş edenler esasy maliýe resminamasynyň Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň artmagyny göz öňünde tutýandygyny bellediler, bu bolsa ýurdumyzyň maýa goýum işjeňligine oňyn täsirini ýetirer.

Şeýle hem “Döwlet emlägini ynançly dolandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna, “Poçta aragatnaşygy hakynda”, “Döwlet ýer kadastry hakynda” (rejelenen görnüşi), “Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň hukuk ýagdaýy hakynda”, “Ählumumy ýaşyl ösüş institutyny döretmek hakyndaky Ylalaşyga goşulmak hakynda”, “Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek we güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda”, “Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda”, “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda”,  “Awtomobil ýollary we ýol işi hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adynyň Düzgünnamasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”,  “Atmosfera howasyny goramak hakynda”, “Ekologiýa howpsuzlygy hakynda” kanunlara, şeýle hem Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen bagly kanunlara seredildi hem-de olar boýunça degişli Kararlar kabul edildi. 


14.05.2026 19:01
1.7k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.6k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......