Ilon Mask Tesla-daky paýnamalarynyň bir bölegini satdy

  • 13.11.2021 08:48
  • 8k+

Tesla-nyň esaslandyryjysy we baş direktory Ilon Mask kompaniýadaky paýnamalarynyň bir bölegini 1,1 mlrd dollardan gowrak baha satdy. Bu barada maliýe resminamalaryna salgylanyp, CNBC teleýaýlymy habar berýär. Muny www.rbc.ru ýetirýär.

Satylan paýnamalaryň sany 930 000 boldy. “The Financial Times” gazetiniň maglumatlary boýunça, bu onda bar bolan Tesla paýnamalarynyň, takmynan, 0,5%-ine deňdir. Häzir onda 170 mln töweregi paýnama bar.

Teleýaýlymyň habar berşi ýaly, Mask paýnamalaryň bir bölegini salgyt borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin satdy. Öň, telekeçi Tesla-nyň paýnamalarynyň 10%-ini satmalymy ýa-da ýokdugy barada pikir soraşma geçiripdi. “Soňky wagtlar durmuşa geçirilmedik girdejileriň – salgyt tölemekden gaçmagyň serişdesidigi barada köp aýdylýar, şonuň üçin Tesla paýnamalarymyň 10%-ini satmagy teklip edýärin” – diýip, ol ýazdy.

Mask nagt aýlyk ýa-da bonus almaýandygyny, ähli baýlygynyň paýnamalar görnüşindedigini, şonuň üçin salgytlary tölemegiň ýeke-täk usulynyň paýnamalary satmakdygyny düşündirdi. Ol pikir soraşmanyň netijesini neşir etdi, oňa laýyklykda, soraga gatnaşanlaryň köpüsi (57,9%) telekeçiniň Tesla-nyň paýnamalarynyň 10%-ini satmagyny goldady. Twitterdäki pikir soraşmadan soň, biržada Tesla-nyň paýnamalary iki günüň içinde bahasyndan 200 dollardan gowragy ýitirdi, şol sebäpli Maskyň aktiwleriniň baha hasaby 50 mlrd dollar peseldi. 


şu gün 10:45
1.6k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

12.06.2026 13:09
9.4k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

10.05.2026 12:04
1.4k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....

27.04.2026 23:00
2.5k+

Kazyýet Maskyň OpenAI-a garşy talaplarynyň bir bölegini ret etdi, kazyýet işi dowam edýär

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasyna we onuň esaslandyryjylaryndan biri bolan Sem Altmana garşy bildiren "kezzapçylyk" aýyplamalaryny ret etdi, emma beýleki aýyplamalar boýunça derňew işleri dowam eder. Bu......