«Türkmenaragatnaşyk» «Huawei» we «Nokia» kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

  • 11.11.2021 08:55
  • 16k+

“Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny” ýerine ýetirmekde alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentligine:

Ahal, Balkan, Daşoguz welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň toruny ösdürmek bilen baglanyşykly enjamlary, programma üpjünçiliklerini we ygtyýarnamalary satyn almak, getirmek, gurnamak, işe girizmek we tehniki goldawy bermek barada Hytaý Halk Respublikasynyň “Huawei Technologies Co., Ltd” kompaniýasy bilen şertnamany baglaşmaga;

Lebap we Mary welaýatlarynda “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň toruny ösdürmek bilen baglanyşykly enjamlary, programma üpjünçiliklerini we ygtyýarnamalary satyn almak, getirmek, gurnamak, işe girizmek we tehniki goldawy bermek barada Finlýandiýa Respublikasynyň “Nokia Solutions and Networks Oy” kompaniýasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.


şu gün 01:05
130

Türkmenistanyň Prezidenti «Galkynyş» gaz käniniň IV tapgyryny özleşdirmek hakyndaky Karara gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Galkynyş» äpet gaz käniniň dördünji tapgyryny senagat taýdan özleşdirmek hakyndaky Karara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edildi. Döwlet...

düýn 11:40
3.3k+

Türkmenistan hytaý atşynaslaryny Türkmen bedewiniň baýramyna çagyrdy

Hytaýyň «Equuleus» halkara atçylyk toplumynda ahalteke bedewleriniň ýerli muşdaklarynyň öňünde çykyş eden Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda atçylygyň ösdürilişi barada gürrüň berdi we hytaý tarapyny halkara çärelere gatnaşmaga çagyrdy...

düýn 11:17
2.4k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýda ahalteke bedewleriniň muşdaklary bilen duşuşdy

Hytaýa saparynyň dowamynda Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary we ahalteke bedewleriniň hytaýly muşdaklary bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär...

düýn 10:58
3.3k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýda «Equuleus» atçylyk toplumyna baryp gördi

19-njy martda Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýa amala aşyran dostluk saparynyň çäklerinde «Equuleus» halkara atçylyk toplumyna baryp gördi. Toplumyň girelgesinde ony Hytaý Atçylyk assosiasiýasynyň, ylmy jemgyýetçiligiň we atçylyk toplumynyň wekilleri garşylady...