Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy işgärlere degişli täze desgalaryň gurluşygynda boldy

  • 11.11.2021 08:37
  • 12k+

10-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdirligini döretmek boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, ol ýerlerde gulluk itlerini saklamak üçin niýetlenen binanyň, şeýle hem bu düzümlere degişli athananyň gurluşyklarynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutany harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdirliginiň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy. Bu ýerde Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew Hojalyk müdirliginiň birinji tapgyrda gurulmagy meýilleşdirilýän binalarynyň we desgalarynyň taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleri barada hasabat berdi. Türkmen Lideri görkezilen taslamalar we çyzgylar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy hem-de degişli düzedişleri girizdi.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew bu ýerde serhetçiler üçin niýetlenen 150 orunlyk naharhananyň we beýleki desgalaryň taslamalary bilen tanyşdyrdy. Bu ýerde awtoduralgany, ammarlary, şeýle hem 2 gatly, 16 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň üçüsini gurmak göz öňünde tutulýar.

Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýerde saklanýan gulluk itleri, olar üçin döredilen şertler bilen tanyşdy. Içeri işler ministri Ö.Hojanyýazow bolsa hormatly Prezidentimiziň garamagyna täze guruljak desgalar toplumynyň taslamalaryny hödürledi. Bu ýerde ahalteke bedewlerini saklamaga, idetmäge, seýislemäge niýetlenen desgalar bilen bir hatarda, atşynaslar we serkerdeler üçin binalar gurlar.


düýn 15:42
1k+

Türkmenistanda Müsüriň täze ilçisi işe başlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamdi Şaaban......

düýn 15:09
1k+

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......

düýn 08:12
1.8k+

Türkmenistanyň Ilçisi Moldowa Respublikasynyň DIM-iniň Döwlet sekretary bilen duşuşdy

28-nji aprelde Kişinýewde iş sapary bilen bolan Türkmenistanyň Moldowa Respublikasyndaky Ilçisi T.Ataýew (oturýan ýeri Kiýew şäheri) Moldowanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary S.Mihow we......

düýn 07:36
918

Müsür Arap Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

28-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammetdurdyýew bilen Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa şäheri) Hamdy Şaaban Abdelhalim......