Awstriýaly işewürler türkmen bazaryna ymykly girmäge isleg bildirýärler

  • 10.11.2021 13:34
  • 3.5k+

9-njy noýabrda ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda Awstriýa Respublikasynyň wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň çäklerinde iki ýurduň ykdysady gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen birnäçe duşuşyklar geçirildi. Awstriýanyň wekiliýetiniň düzümine dostlukly ýurduň iri kompaniýalarynyň wekilleri girdi.

Duşuşyklara gatnaşyjylaryň hatarynda hyzmatdaşlyk boýunça radioýaýlym enjamlaryny öndüriji “Heidelberger Druckmaschinen Eastern Europe GmbH” kompaniýasynyň, ýangyna garşy enjamlary we ýörite awtomobilleri getirýän “Rosenbauer International AG” kompaniýasynyň, ulag düzümleriniň gurluşygy boýunça “Waagner Biro Bridge System” kompaniýasynyň, lukmançylyk edaralary üçin önümleri getirýän “VAMED” kompaniýasynyň, “Europe Consult GmbH” konsalting-maslahat beriş kompaniýasynyň, saglygy goraýyş ulgamy üçin tehnologik çözgütleri taýýarlaýan “AME International”, elektroenergiýanyň durnukly önümçiligi üçin täzeçil çözgütleri öňe sürýän “Geppert GmbH” kompaniýasynyň, şeýle hem “Osterreichische Kontrollbank AG” kompaniýasynyň we iki ýurduň ykdysady gatnaşyklaryna işjeň goldaw berýän Awstriýanyň Federal ykdysady palatasynyň wekilleri bar.

Türkmen tarapynyň wekilleri awstriýaly hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini, täzeçil enjamlaryň, şol sanda radioýaýlym, lukmançylyk, sport enjamlarynyň getirilmegini guraýan bilelikdäki kärhanalary döretmegiň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilişi ýaly, söwda-ykdysady ulgamdaky gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Soňky ýyllarda türkmen-awstriýa işewürlik gatnaşyklarynyň ösdürilmegini şertlendirýän degişli şertnama-hukuk binýady pugtalandyryldy.


08.06.2026 17:39
1.9k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......