Audi 2022-nji ýylyň täzelenen Audi A8 sedanyny tanyşdyrdy

  • 06.11.2021 17:13
  • 11k+

Audi awtomobil kompaniýasy düýbünden täzelenen A8 tapgyryny tanyşdyrdy. Ol 2024-nji ýylda elektrikli görnüşi çykarylýança nemes flagmanynyň aktuallygyny saklap galar diýip, carsweek.ru habar berdi.

Häzirki dördünji nesil A8 2017-nji ýylda çykypdy. Diýmek, soňky täzelenmesi oňa BMW 7-Series (2019) we Mersedes-Benz S-Class (2020) bilen bäsdeşlikde artykmaçlyk berer.

Awtoulagyň öň tarapyny täze radiator gözenegi bezeýär. Täzelenen bamperde hrom bilen gurşalan has uly howa girişleri bar. Her farada 1,3 million sany mikro aýna oturdyldy. 18-den 21 dýuýma çenli täzelenen reňk palitrasy we tigir dizaýnlary diýmeseň, profil öňki ýagdaýyndan kän bir tapawutlanmaýar.

Yzky tarapdaky OLED sanly çyralar standart topluma girýär. Olar başga bir awtoulag 2 metr ýakynlaşanda duýdurýan funksiýa eýe.

Awtoulagyň salonynda 10.1 dýuým sanly gurallar toplumy, goşmaça proeksiýa ekrany we iň soňky “Audi MIB3” maglumat ulgamy bolan 8,6 dýuým duýgur ekran bar. 


27.04.2026 11:35
1.9k+

Volkswagen ID. Unyx: nemes tehnologiýasy we hytaý dizaýny

Volkswagen kompaniýasy Hytaýyň Xpeng kompaniýasy bilen tehniki hyzmatdaşlykda döredilen ilkinji seriýaly ulagy — D. Unyx krossowerini satuwa çykardy. Hytaýly müşderileriň islegi esasynda dizaýnlaşdyrylan bu......

27.04.2026 01:41
5.3k+

Milanyň dizaýn hepdeliginde 2026-njy ýylyň iň owadan awtoulaglary saýlanyldy

Milanyň dizaýn hepdeliginde Auto&Design žurnaly tarapyndan her ýyl gowşurylýan Car Design Award 2026 baýragynyň ýeňijileri  yglan edildi. Dabara ADI Design Museum muzeýinde geçirildi....

01.04.2026 16:47
3.5k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

13.03.2026 17:49
8.2k+

2026-njy ýylyň iň garaşylýan awtoulaglary

Motor1 neşiri 2026-njy ýylyň ahyryna çenli awtomobil bazaryna çykarylmagyna garaşylýan iň täze awtoulag modelleriniň sanawyny çap etdi. Bu sanawa dürli ugurlardaky modeller, şol sanda benzinli, gibrid hem-de doly elektrikli ulaglar girizildi...