Moskwanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň hünärmeni Andreý Týaželnikow howa garaşlylyga garşy nähili göreşmelidigini aýtdy. Bu barada RIA Nowosti habar berdi.
Hünärmen bu ýagdaýy ýeňip geçmek üçin maşk etmegi, kontrast duş almagy maslahat berýär. Týaželnikow temperaturanyň üýtgemegine aýratyn duýgur adamlaryň öz damarlaryny türgenleşdirmelidigini düşündirdi. Şunuň bilen baglylykda, ol kontrast duş almagy we maşk etmegi dowamly ýagdaýda ýerine ýetirmegi, şeýle hem ýeterlik derejede uklamagy we deňagramly iýmitlenmegi maslahat berdi.
Hünärmen şeýle hem witaminleri we zerur mikroelementleri öz içine alýan iýmitlere gök önümleri we miweleri goşmagyň howa garaşlylygy ýeňip geçjekdigini aýtdy. Mundan başga-da, ol stresden we aşa agyr işlemekden saklanmagy maslahat berdi.