Nurmagomedow bilen Zeedorf Dubaýda futbol we MMA mekdebini döretdiler

  • 02.11.2021 19:42
  • 13k+

«Milanyň» we Niderlandlaryň milli ýygyndysynyň öňki futbolçysy Klarens Zeedorf bilen MMA-nyň tanymal söweşijisi Habib Nurmagomedow Dubaýda özboluşly sport mekdebini döretdiler. Bu barada championat.com habar berdi.

“Men ýakynda üýtgeşik bir zadyň boljakdygyny aýdypdym. Ahyrsoňy muny siziň hemmäňiz bilen paýlaşyp bilýärin. Seedorf Khabib Performance Club!-yň global açylyşyny yglan edýänime şatdyryn!

Men şu wagta çenli iň üýtgeşik we täsin futbol mekdebini döretmek üçin dostum Habib we global hyzmatdaşymyz DMCC bilen bir ýere jemlendim. Biz dünýäniň ýaşlaryna futboly we garyşyk söweş sungatyny birleşdirýän okuw usuly arkaly sport we jemgyýetçilik ukyplaryny ösdürmäge mümkinçilik bermek isleýäris.

Dubaý bu ajaýyp taslama üçin başlangyç meýdançamyz bolar, emma biz ony ýakyn bäş ýylda dünýä derejesinde giňeltmegi maksat edinýäris. Taslama biziň jemgyýete bir zatlar gaýtaryp bermäge gönükdirilen umumy garaýşymyza we sporty mümkin boldugyça yzygiderli ösdürmek we kämilleşdirmek islegimize esaslanýar"-diýip, Zeedorf öz Instagram sahypasynda ýazdy.


şu gün 10:24
733

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
1.2k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
4.9k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......