Coca-Cola 5,6 mlrd dollara sport içgilerini öndüriji BodyArmor-y satyn aldy

  • 02.11.2021 16:32
  • 5.8k+

Coca-Cola korporasiýasy iň uly sport içgilerini öndürijileriň biri bolan BodyArmor kompaniýasyny satyn alýandygyny habar berdi. Şu wagta çenli bu kompaniýada Coca-Cola 15% degişlidi, indi ol kompaniýanyň ýeke-täk eýesi bolar. Şertnamanyň bahasy 5,6 mlrd dollar bolup, BodyArmor-yň umumy bahasy 6,6 mlrd dollar bilen bahalandyrylýar. BodyArmor satyn alnandan soň aýratyn kompaniýa bolar, onuň ştab-kwartirasy Nýu-Ýorkda ýerleşmegini dowam etdirer, oňa häzirki top-menejerler topary ýolbaşçylyk eder. Bu barada kommersant.ru habar berýär.

Coca-Cola BodyArmor-daky 15% paýyny 2018-nji ýylda 300 mln dollara satyn aldy, şonda tutuş kompaniýa 2 mlrd dollar bilen bahalandyrylýardy. Şu ýylyň başynda Coca-Cola kompaniýanyň galan bölegini satyn almak barada gepleşikleriň geçirilýändigini aýtdy, ýekşenbe güni “The Wall Street Journal” neşiri çeşmelere salgylanyp, söwda barada habar berdi. BodyArmor 2011-nji ýylda döredildi, şondan bäri ol ABŞ-da sport içgilerini öndürijileriň arasynda ikinji orny eýelemegi başardy. Kompaniýanyň çaklamalary boýunça, şu ýyl onuň önümleriniň satuwy 50%, 1,4 mlrd dollara çenli ýokarlanar. Deňeşdirmek üçin: 2018-nji ýylda satuw bary-ýogy 250 mln dollar boldy.

Bu söwda Coca-Cola kompaniýasyna sport içgileriniň portfelini giňeltmäge we bu ugurda PepsiCo bilen netijeli bäsleşmäge kömek eder. Geçen ýyl Coca-Cola ýeterlik derejede meşhur we girdejili bolmadyk 200-e golaý brendini ýapdy. 

Coca-Cola-nyň eýýäm sport içgileri boýunça hususy brendi Powerade bar, Nielsen we Goldman Sachs kompaniýalarynyň hasaplamalary boýunça, amerikan bazarynda satuwyň 13%-i onuň paýyna düşýär. ABŞ-nyň sport içgileriniň bazarynda gürrüňsiz lider PepsiCo-nyň eýeçiligindäki Gatorade kompaniýasydyr – onuň paýy, takmynan, 64%. BodyArmor 18% satuw bilen ikinji orny eýeleýär.

düýn 20:25
2.3k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......