Türkmenistanyň birźasynda 3 million dollarlyk 15 geleşik baglaşyldy

  • 01.11.2021 16:58
  • 3.1k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy. Olaryň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million dollaryndan gowrak boldy.

Daşary ýurt puluna Russiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Türkiýe Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gyrgyzystanyň telekeçileri pagta ýüplügini satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Gazagystanyň işewürlerine float aýnasy ýerlenildi.
Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gazagystanyň işewür toparlarynyň wekilleri manat serişdelerine jemi bahasy 16 million 775 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügini satyn aldylar.


düýn 11:41
3k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 19:30
3k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......