Owgan tarapy Türkmenistan bilen bilelikdäki taslamalaryň gurluşygyny çaltlandyrmak isleýär

  • 01.11.2021 16:47
  • 7.5k+

31-nji oktýabrda Kabul şäherine bolan iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanyň ýokary derejeli döwlet wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi. Olarda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik geçirijisiniň hem-de Türkmenistandan Owganystanyň birnäçe welaýatlaryna demir ýollaryň gurluşygynyň işjeňleşdirilmegi bilen bagly meselelere garaldy. 

Owganystanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Abdulsalom Hanafi: «Biz iki ýurduň arasyndaky milli taslamalaryň mümkin bolan ýakyn wagtda işe girizilmegini ileri tutýarys, çünki olaryň durmuşa geçirilmegi üçin zerur bolan şertler, şol sanda howpsuzlyk aýratynlyklary hem döredildi» diýip belledi. 

Owganystanyň Goranmak ministri Muhammad Ýakub hem-de Içeri işler ministriniň w.w.ý.ý. Sirajuddin Hakkani bilen geçirilen işjeň gepleşikleriň barşynda owgan tarapy bilelikdäki ykdysady taslamalaryň ählisiniň howpsuzlygynyň üpjün ediljekdigini beýan etdi.

Owganystanyň goranmak ministrliginiň ýolbaşçysy: «Biz iki ýurduň arasyndaky infrastruktura hem-de ykdysady taslamalaryň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi üçin tagallalarymyzy gaýgyrmarys» diýip tassyklady. Bular barada TDIM-niň Metbugat gullugy habar berdi. 


şu gün 12:31
1k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

şu gün 09:55
358

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......

düýn 11:28
654

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

düýn 11:27
2k+

Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň......