Saudi Aramco-nyň arassa girdejisi III çärýekde 2,6 esse ýokarlandy

  • 01.11.2021 15:47
  • 2.3k+

Saud Arabystanynyň döwlet kompaniýasy Saudi Aramco-nyň 2021-nji ýylyň üçünji çärýeginde arassa girdejisi 30,4 mlrd dollar boldy, bu geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden 2,6 esse ýokarydyr diýip, kompaniýa habar berýär. Muny interfax.ru ýetirýär.

Habar berlişi ýaly, ikinji çärýekde Saudi Aramco 25,5 mlrd dollar arassa girdeji aldy. Şeýlelik bilen, görkezijiniň geçen çärýege garanda ösüşi 19,2% boldy.

Kompaniýa girdejiniň ösüşini nebitiň bahasynyň ýokarlanmagy, şeýle-de energiýa çeşmelerine bolan islegiň dikeldilmeginiň we esasy bazarlarda ykdysady işjeňligiň ösmegi netijesinde nebiti gaýtadan işlemegiň girdejililiginiň ýokarlanmagy bilen baglanyşdyrýar. 

Operasion işlerden gelýän girdeji 2020-nji ýylyň üçünji çärýegi bilen deňeşdirilende, tas iki esse, 36,3 mlrd dollara, erkin pul akymy ýyldan ýyla 2,3 esse – 28,7 mlrd dollara çenli ýokarlandy. 

Saudi Aramco-nyň üçünji çärýekde kapital çykdajylary ikinji çärýek bilen deňeşdirilende üýtgemedi we 7,6 mlrd dollar boldy. Ýöne 2020-nji ýylyň üçünji çärýegi bilen deňeşdirilende, kapital çykdajylar 19% ýokarlandy.

Üçünji çärýekde uglewodorod önümçiliginiň göwrümi 12,9 mln b/g boldy (ikinji çärýekde – 11,7 mln b/g), olardan 9,5 mln b/g nebitiň paýyna düşdi. Üçünji çärýekde Saudi Aramco geçen çärýek üçin 18,8 mlrd dollar möçberinde diwidend töledi, kompaniýa üçünji çärýek üçin hem 18,8 mlrd dollar tölemegi meýilleşdirýär.


25.12.2025 11:46
2k+

Electronic Arts 55 mlrd dollara Saud Arabystanyna satylýar: paýdarlar şertnamany tassyklady

Amerikan wideooýun işläp düzüjisi Electronic Arts-yň paýdarlary kompaniýanyň Saud Arabystanynyň Jemgyýetçilik maýa goýum gaznasynyň (PIF) ýolbaşçylygyndaky maýadarlar toparyna 55 mlrd dollara satylmagyny tassyklady diýip, Bloomberg habar berýär...

15.05.2025 21:07
4.4k+

Saud Arabystany bilen ylalaşyk Nvidia-nyň ýolbaşçysynyň baýlygyny $120 mlrd çenli artdyrdy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Saud Arabystanyna saparynyň dowamynda birnäçe uly tehnologiýa şertnamalary baglaşyldy. Bu hem Ýakyn Gündogarda amerikan çip öndürijileriniň ornuny güýçlendirdi. Nvidia we AMD kompaniýalary onlarça milliard dollarlyk önümlerini ibermek barada ylalaşyk gazandy...

15.03.2025 08:40
2.9k+

Saud kompaniýasy $3,5 mlrd-a Pokémon Go we beýleki oýunlary satyn alýar

Niantic amerikan kompaniýasy Pokémon Go, Pikmin Bloom, Monster Hunter Now oýunlarynyň satyljakdygy baradaky maglumatlary tassyklady. Bu ylalaşyk hakykatdanam amala aşar diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Niantic şeýle...

10.05.2023 00:33
11k+

«Saudi Aramco» «Microsoft-y» gysyp çykaryp, dünýäde ikinji iň iri kompaniýa boldy

Saud Arabystanynyň «Saudi Aramco» nebit ägirdi «Microsoft-y» gysyp çykaryp, 2,11 trillion dollar bahasy bilen dünýäde ikinji orunda durýan ikinji kompaniýa boldy. «Saudi Aramco-nyň» ýokarlanmagy şazada Muhammet...