30-njy oktýabrdan 31-nji oktýabra geçilýän gijede Ukrainada sagadyň dilleri gyş wagtyna geçmek üçin bir sagat yza süýşürilýär. Sagadyň süýşürilmegi hökümetiň 1996-njy ýylyň 13-nji maýyndaky “Ukrainanyň çäginde wagty hasaplamagyň tertibi barada” karary bilen kesgitlendi diýip, TASS habar berýär.
Ukrainada ýylda iki gezek sagat möwsümleýin üýtgedilýär. Ýurt sagat dillerini tomus wagtyna, bir sagat öňe mart aýynyň soňky ýekşenbesinde, gyş wagtyna, bir sagat yza oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde geçirýär.
2020-nji ýylyň oktýabr aýynda Ýokary Radanyň öňki wise-spikeri, häzir parlamentiň başlygy Ruslan Stefançuk tomus wagtyna geçişi ýatyrmagy teklip etdi. Ol esas hökmünde şeýle geçişiň ykdysady peýdalylygynyň ýoklugyny we onuň adamyň bioritmlerine ýaramaz täsirini belledi.
Birinji okalyşda geçirilen ses berişlikde deputatlar bu başlangyjy goldadylar, ýöne ikinji ses berişlikde kanun taslamasy ret edildi we gaýtadan garamak üçin yzyna iberildi.
Research & Branding Group kompaniýasynyň 2021-nji ýylyň 14 – 25-nji oktýabrynda geçiren sosiologik pikir soraşmasyna görä, ukrainalylaryň 42%-i wagtyň möwsümleýin geçişinden ýüz öwürmegiň, 32%-i ähli zady bolşy ýaly galdyrmagyň tarapdary. Sorag edilenleriň 26%-ine jogap bermek kyn boldy. Şol bir wagtyň özünde, pikir soraşma gatnaşanlaryň 25%-i gyş wagtyna, 17%-i tomus wagtyna geçmekden ýüz öwürmegi dogry hasaplaýar.