Britaniýa tarapyndan geçirilen “Ýewrowideniýe – 2023” BAFTA baýragyna eýe boldy

  • 17.05.2024 17:57
  • 6.9k+

Ukrainanyň adyndan Britaniýa tarapyndan geçirilen “Ýewrowideniýe – 2023” Beýik Britaniýanyň Birleşen Korollygynyň baş telewizion baýragy BAFTA Television Awards-dan “Göni ýaýlymda iň gowy şou” nominasiýasynda baýraga eýe boldy. Gowşurylyş dabarasy Londonda geçirildi diýip, baýragyň saýtynda habar berilýär.

Baýragy The Hardkiss toparyndan aýdymçy Ýuliýa Sanina bilen alypbaryjy Anna Waddingem bilelikde aldy.

“Ýewrowideniýe – 2023-i döredenleriň hemmesini gutlaýaryn. Bir ýyl geçdi, biz bolsa häzirem Liwerpulda iki ýurduň we iki medeniýetiň bilelikde döreden taryhyny mähir bilen ýatlaýarys. Bu baýrak – Ýewrowideniýe – 2023-üň owadan jemleýji akkordy” – diýip, Ýuliýa Sanina belledi.

Şeýle-de, bu nominasiýada Karlyň täç geýdirme dabarasynyň konserti we her ýyl geçirilýän Britan legionynyň Patyşalyk ýadygärlik festiwaly bäsleşdi.


19.06.2026 19:18
4k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......

16.06.2026 23:19
2.4k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

17.05.2026 14:15
6.1k+

70-nji «Ýewrowideniýe» bäsleşiginde bolgariýaly aýdymçy Dara ýeňiji boldy

Bolgariýaly aýdymçy Dara 70-nji «Ýewrowideniýe» aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Ýubileý bäsleşigi Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinde geçirildi....

16.05.2026 22:44
6.4k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....