Xiaomi täze Redmi Note 11 Pro smartfonyny tanyşdyrdy

  • 30.10.2021 16:58
  • 21k+

Xiaomi özüniň Redmi Note 11 smartfonlarynyň täze neslini görkezdi. Redmi Note 11-iň maşgalasyna esasy modelden başga-da, Redmi Note 11 Pro we Redmi Note 11 Pro+ hem girýär. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

Redmi Note 11 Pro we Redmi Note 11 Pro+ smartfonlary birmeňzeş diýen ýaly. Olaryň birinjisi 5160 milliamper-sagat akkumulýator we 67W zarýad beriji bilen enjamlaşdyrylan bolsa, ikinjisi 4500 mAh akkumulýatora 120W kuwwat bilen zarýad berýär. Olaryň gabynda aşa çalt elektrik üpjünçiligi hem gelýär.

Täze önümleriň korpusynda has köp göni çyzyklar bar we kamera bölümi has ulurak görünýär. Xiaomi smartfonlaryň IP53 reýtingine görä tozana we suwa çydamlydygyny öňe sürýär.

Smartfonlar 5G goldawy bilen orta derejeli MediaTek Dimensity 920 prosessorynda işleýär. Onuň operatiw ýady, wersiýa baglylykda, 6 ýa-da 8 GB, hemişelik ýady bolsa 128 ýa-da 256 GB bolup bilýär. Iki modelde hem JBL stereo dinamikalary, audiojek, power düwmesinde barmak yz skaneri, infragyzyl port, NFC we Wi-Fi 6 bar.

Täze önümleriň surata düşürmek mümkinçilikleri Redmi Note 10 Pro-nyň derejesinde galdy - bu esasy 108 megapiksel datçik, 8 megapiksel "şirik" we 2 megapiksel makrosensordyr. Öňdäki 16 megapiksel kamera ekrana ýerleşdirildi.


24.05.2026 06:47
3.5k+

Xiaomi 8000 mA/sag batareýaly Xiaomi 17 Max flagmanyny tanyşdyrdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda sygymy 8000 mA/sag bolan akkumulýator, Snapdragon 8 Elite Gen 5 prosessory we 200 Mp esasy kamera bilen enjamlaşdyrylan Xiaomi 17 Max flagman smartfonynyň tanyşdyrylyşyny geçirdi....

23.05.2026 23:40
2.5k+

Xiaomi özüniň ilkinji klipsa gulaklyklaryny satuwa çykardy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bahasy 849 ýuan (takmynan, $124) bolan ilkinji açyk görnüşli klipsa gulaklyklaryny hödürledi. Satuwyň ilkinji günlerinde bu gurluşy arzanladylan bahadan — 799 ýuana (takmynan, $117)......

16.05.2026 16:22
2.5k+

Xiaomi özüniň ilkinji klipsa gulaklyklaryny anons etdi

Xiaomi kompaniýasy açyk görnüşli ilkinji simsiz klipsa gulaklyklary bolan «Open-Ear Clip-on» modelini tanyşdyrdy. Anons kompaniýanyň prezidenti Lu Weýbin tarapyndan edildi, ýöne häzirlikçe bu barada giňişleýin......

06.04.2026 21:45
5k+

16 ýyllyk üstünlik: bu gün Xiaomi doglan gününi belleýär

Mundan 16 ýyl ozal, 2010-njy ýylyň 6-njy aprelinde Pekinde düýbi tutulan Xiaomi kompaniýasy häzirki wagtda dünýäniň tehnologiýa ägirtleriniň birine öwrüldi. Kompaniýanyň esaslandyryjysy Leý Szyun bu şanly sene......