«Balkanabat» ýod zawodynyň düzüminde täze önümçilik desgalary gurlar

  • 29.10.2021 10:03
  • 6.1k+

Häzirki wagtda “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Bereket” hem-de “Balkanabat” ýod zawodlarynda ýerasty ýodly we bromly suwlary gaýtadan işlemek arkaly, ýokary hilli tehniki ýoduň 500 tonnadan gowragy öndürilýär, şonuň aglaba bölegi bolsa daşary ýurtlara ugradylýar. Şunuň bilen baglylykda, Balkan welaýatyndaky “Balkanabat” ýod zawodynyň düzüminde tehniki ýod, brom we bromly önümleri öndürýän desgalary gurmak göz öňünde tutulýar. Bu barada wise-premýer Ç.Purçekow Hökümetiň nobatdaky mejlisinde habar berdi.

Wise-premýer häzirki wagtda taslama kuwwatlylygy 450 tonna bolan “Balkanabat” zawodynda tehniki ýoduň ýylda 340 tonnasynyň öndürilýändigini belläp, döwlet Baştutanynyň garamagyna birnäçe anyk teklipleri hödürledi. Ýagny zawodyň binýadynda ýodly we bromly çig mal ýataklaryndaky guýularda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek arkaly kärhananyň düzüminde täze önümçilik desgalaryny gurmak meýilleşdirilýär. Şu maksat bilen, zawodyň ýodly we bromly çig mal ýataklarynda tehniki ýod, brom we bromly önümleri öndürýän desgalary gurmak barada gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň arasynda bäsleşik geçirmek teklip edilýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen teklipleri, umuman, makullap, wise-premýere ýurdumyzyň günbatar sebitinde hereket edýän iri zawodlarda ýokary hilli tehniki ýoduň öndürilýän möçberini artdyrmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.


düýn 22:20
5.8k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

düýn 13:44
3k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

düýn 07:42
1.7k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....