Berdimuhamedow: «Durmuş maksatly desgalar gaz bilen bökdençsiz üpjün edilmelidir»

  • 29.10.2021 09:49
  • 6.3k+

Howanyň sowamagy bilen ýaşaýyş jaýlaryny we beýleki durmuş maksatly desgalary, şol sanda mekdepleri, çagalar baglaryny, saglygy goraýyş edaralaryny hem-de kärhanalary we guramalary gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek zerurdyr. Bu barada 28-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde türkmen Lideri nygtady.

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow gyş möwsümine taýýarlyk görlüşi hem-de içerki sarp edijileriň tebigy gaz bilen bökdençsiz we ygtybarly üpjün edilişi barada hasabat berdi. Şu maksat bilen, “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar. Häzir ýurdumyz boýunça täze hojalyklarda we ýaşaýyş jaý toplumlarynda gaz hasaplaýjy enjamlary ornaşdyrmak işleri dowam etdirilýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, howanyň sowamagy bilen ýaşaýyş jaýlaryny we beýleki durmuş maksatly desgalary, şol sanda mekdepleri, çagalar baglaryny, saglygy goraýyş edaralaryny hem-de kärhanalary we guramalary gaz bilen bökdençsiz üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, degişli inženerçilik-tehniki ulgamlary kadaly ýagdaýda saklamagyň hem-de olara ýokary hilli hyzmat etmegiň gaýragoýulmasyz wezipeler bolup durýandygy bellenildi.


19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.1k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
4k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......