Burak Özçiwit gurluşyk kompaniýasy bilen 5 million liralyk şertnama baglaşdy

  • 28.10.2021 13:36
  • 16k+

Belli türk aktýory Burak Özçiwit gurluşyk kompaniýalarynyň biri bilen hyzmatdaşlyk boýunça 5 million liralyk şertnama baglaşdy. Bu barada rusturkey.com habar berdi.

Habar berilmegine görä, bu kompaniýa eýýäm birnäçe wagt bäri gozgalmaýan emläk bazarynda özüni gowy tarapdan görkezip gelýär. Gol çekilen şertnama laýyklykda, Burak bir ýyllap bu kompaniýa wekilçilik eder.

Häzirki wagtda Burak Özçiwit özüniň aktýorlyk karýerasynyň çürbaşynda hasaplanýar. Ol şu günler dowam edýän “Döreýiş. Osman” atly dünýä belli taryhy serialda baş keşbi janlandyrýar. Serial türkmenistanlylaryň arasynda hem giň meşhurlykdan peýdalanýar. Häzirki wagta çenli bu serial dünýäniň 46 ýurduna satyldy, şonuň netijesinde bolsa Burakyň şöhraty has-da artdy. Öz keşbini ussatlyk bilen ýerine ýetirýän aktýor, tankytçylaryň köpüsiniň pikiriçe, her möwsüm kämilleşýär.


01.06.2026 20:16
6.2k+

Kanýe West Stambuldaky stadiona 118 000 tomaşaçyny ýygnap, rekord goýdy

Amerikaly reper Kanýe West ilkinji gezek Stambulda konsert berip, Atatürk adyndaky Olimpiýa stadionyna takmynan 118 000 tomaşaçyny ýygnady. Anadolu agentliginiň habar bermegine görä, bu stadion konserti üçin......

26.05.2026 12:36
3.1k+

“Galkynyş” topary Türkiýede geçirilen medeniýet festiwalyna gatnaşdy

Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Bütindünýä Etnosport Konfederasiýasy tarapyndan guralan 8-nji Halkara etnosport medeniýet festiwaly geçirildi. Dünýäniň 24 ýurdundan müňden gowrak wekiliň......

13.05.2026 23:26
5.2k+

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

04.05.2026 11:00
1.7k+

Türkmen filmleri Izmirde geçiriljek kinofestiwalda görkeziler

Şu gün Türkiýäniň Izmir şäherinde üçünji «Turan» halkara kinofestiwalynyň çäklerinde türkmen kinosynyň görkezilişi bolar. Çäre Egeý uniwersitetiniň Kommunikasiýalar fakultetiniň mejlisler zalynda sagat......