26-njy nebit-gaz forumynda möhüm resminamalara gol çekildi

  • 28.10.2021 13:22
  • 4.3k+

27-nji oktýabrda açylan «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly XXVI halkara maslahatyň dowamynda resminamalaryň birnäçesine gol çekmek göz öňünde tutuldy.

 Hususan-da, onuň birinji gününde “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Daniýa Patyşalygynyň “Haldor Topsoe A/S” kompaniýasynyň arasynda Tebigy gazy monetizasiýa etmek arkaly ammiak we metanol önümçiligi boýunça Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama; Günbatar Türkmenistanyň Balkanýaka zolagynyň Goturdepe nebitgazly ýatagynyň gündogar böleginde we Günorta Burun künjeginde 3D we 2D ölçegli gözleg-barlag işlerini geçirmek maksady bilen, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy bilen Singapur Respublikasynyň “Ýug-Neftegaz Private Limited” kompaniýasynyň arasynda Şertnama; Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy bilen Beýik Britaniýanyň “Petro Gas LLP” kompaniýasynyň arasynda TNGIZT-niň Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynda nebit we nebit önümleri guýulýan 3-nji gämi duralgasynyň taslamasyny düzmek we ony gurmak boýunça Şertnama gol çekildi.

Şu gün — 28-nji oktýabrda maslahata gatnaşyjylar “Nebitgaz pudagynyň maýa goýum mümkinçilikleri: gury ýerdäki we Hazar deňziniň türkmen bölegindäki maýa goýum taslamalaryna syn”, “Maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmekde häzirki döwrüň ýagdaýlary”, “Tebigy gaz we alternatiw energiýa çeşmeleri — pes uglerodly geljege geçmegiň açary”, “Ylmy barlaglar we işläp taýýarlamalar babatda häzirki zaman gazanylanlar hem-de nou-haular” ýaly ugurlary özünde jemleýän meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşarlar.


20.06.2026 11:54
5k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......