Hytaýda çagalara eýýäm üç ýaşdan başlap COVID-19-a garşy sanjym ediler

  • 27.10.2021 23:25
  • 4k+

Hytaýda azyndan bäş welaýat 3 ýaşdan 11 ýaşa çenli çagalara koronawirusa garşy sanjym edip başlar. Bu barada AP agentligine salgylanyp, INTERFAX.RU habar berýär.

Agentlik bu sebitleriň we şäher häkimlikleriniň administrasiýasynyň ýakyn wagtda bu ýaşdaky çagalar üçin sanjymyň hökmany boljakdygyny duýdurmaga başlandyklaryny belleýär. Resmi maglumatlara görä, Hytaýda ilatyň 76%-ine sanjym edildi, şonda-da häkimiýetler koronawirusa garşy göreşi güýçli depginde dowam edýärler. Milli saglygy goraýyş komissiýasynyň habaryna görä, ýurtda günde 35 sany täze koronawirus ýokuşmasy ýüze çykarylýar. “Worldometers” bolsa muny gündelik 43 hadysa diýip görkezýär.

Tomusda HHR-iň hökümeti üç ýaş we ondan uly çagalara Sinopharm we Sinovac koronawirusa garşy sanjymlaryny etmäge rugsat beripdi, emma şu wagta çenli ýurtda diňe 12 ýaşly we ondan uly çagalara sanjym edildi.


03.04.2026 20:56
11k+

Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda agsyl keseliniň ýaýramagy hasaba alyndy

Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda iri şahly mallaryň iki sürüsinde agsyl keseliniň ýaýramagy hasaba alyndy. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Oba hojalygy ministrligine salgylanyp, «Reuters» agentligi habar......

22.03.2026 15:20
3.3k+

Hytaýda ysmaz keselli adamlara niýetlenen beýni implantyny söwda maksatly ulanmaga rugsat berildi

Hytaý häkimiýetleri Neuracle Technology (Shanghai) kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen ilkinji inwaziw (kelleçanak içine ýerleşdirilýän) «beýni-kompýuter» interfeýsini söwda maksatly ulanmaga rugsat berdi. Şeýle-de Hytaýyň Lukmançylyk önümleri boýunça milli müdirligi bu enjamy bazara çykarmak hukugyny tassyklady...

28.02.2026 19:43
17k+

60 millionda biri: Hytaýda ýaş zenan tebigy göwrelilik bilen bäşem çaga dünýä indirdi

Hytaýyň Uhan şäherinde 26-njy fewralda lukmanlaryň «täsinden täsin» diýlip atlandyran hadysasy bolup geçdi. Sinzýan-Uýgur awtonom sebitiniň 24 ýaşly Dili atly ýaşaýjysy birbada bäş çaganyň — dört gyzyň we bir oglanyň enesi boldy...

30.01.2026 11:41
9.6k+

Hindistanda Nipah wirusynyň ýüze çykmagy sebäpli Aziýanyň howa menzillerinde gözegçilik güýçlendirildi

Hindistanyň Günbatar Bengaliýa ştatynda Nipah wirusy bilen kesellemegiň iki ýagdaýy ýüze çykarylandan soň, birnäçe Aziýa ýurtlarynyň howa menzillerinde sanitar gözegçiligi güýçlendirildi. Bu barada «The Guardian» neşiri habar berýär...