Tesla-nyň bahasy ilkinji gezek 1 trln dollara ýetdi

  • 27.10.2021 23:20
  • 4k+

Tesla-nyň bazar kapitallaşdyrmasy 100 müň elektromobil sargyt eden Hertz Global Holdings Inc bilen şertnama baglaşylandygy baradaky täzeligiň esasynda 1 trln dollara ýetdi. Tesla-nyň paýnamalary 9,38%, 993,78 dollara çenli ýokarlandy diýip, kommersant.ru habar berýär.

Şeýlelik bilen, Tesla Apple, Microsoft, Amazon we Alphabet bilen birlikde bazar bahasy 1 trln dollardan geçýän kompaniýalaryň sanawyna girdi. Ýöne Maskyň kompaniýasy heniz bazaryň liderlerinden ep-esli yza galýar: mysal üçin, Apple-iň bahasy $2,46 trln, Microsoft-yň bahasy $2,3 trln. Şeýle-de bolsa, Tesla 1 trln dollar belliginden geçiş tizligi boýunça rekord goýdy. Munuň üçin oňa 18 ýyldanam az wagt gerek boldy (2003-nji ýylyň 1-nji iýulynda esaslandyryldy).

25-nji oktýabrda amerikan awtoulag kärendesi ulgamy Hertz-iň 100 müň elektromobil bilen üpjün etmek barada Tesla kompaniýasy bilen ylalaşyk gazanandygy belli boldy. Bu Tesla-nyň taryhynda iň uly sargytdyr. Şertnamanyň maliýe şertleri aýan edilmeýär, ýöne KHBS-iň hasaplamasy boýunça, onuň umumy bahasy 4,2 mlrd dollara ýetip biler. Elektromobiller 2022-nji ýylyň ahyryna çenli ýola goýulmaly.

Ýakynda Interbrand konsalting kompaniýasy dünýäniň iň gymmat 100 brendiniň ýyllyk sanawyny hödürledi, bir ýylyň dowamynda bahasyny 184% artdyran Tesla ($36,3 mlrd) ösüş depgini boýunça lider boldy.


10.05.2026 12:04
1.2k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....

27.04.2026 23:00
2.4k+

Kazyýet Maskyň OpenAI-a garşy talaplarynyň bir bölegini ret etdi, kazyýet işi dowam edýär

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasyna we onuň esaslandyryjylaryndan biri bolan Sem Altmana garşy bildiren "kezzapçylyk" aýyplamalaryny ret etdi, emma beýleki aýyplamalar boýunça derňew işleri dowam eder. Bu......

27.04.2026 22:44
6.7k+

Jomartlyk reýtingi: haýyr-sahawat işleri bolmasa, baýlaryň sanawy nähili üýtgärdi

Forbes žurnaly dünýäniň iň baý adamlarynyň täzelenen reýtingini çap etdi, ýöne bu gezek neşir olaryň baýlygyny, haýyr-sahawata bagyşlan serişdelerini hem goşmak bilen, gaýtadan hasaplady....

13.04.2026 23:42
2.9k+

Intel we Ilon Mask «TeraFab» çiplerini öndürmek üçin birleşdiler

Intel korporasiýasy SpaceX, xAI we Tesla bilen bilelikde ägirt uly ýarymgeçiriji önümçiligini döretmek üçin TeraFab taslamasyna goşuldy. Bu taslama Ilon Maskyň kompaniýalaryny her ýyl 1 terawatt (TWt)......