Lamborghini çökgünlige garamazdan satuw rekordlaryny täzeleýär

  • 26.10.2021 17:27
  • 5.9k+

Lamborghini ýarymgeçirijiler çökgünligine we koronawirus pandemiýasy sebäpli dörän bölekleýin çäklendirmelere garamazdan, satuw rekordlaryny täzeleýär. Bu barada motor.ru habar berýär.

2021-nji ýylyň üç çärýeginde italýan markasy 6902 awtoulag satdy, munuň özi 2019-njy ýyldaky rekord bilen deňeşdirilende, alty göterim köpdür.

Soňky wagtlar dünýäde Sant-Agata-Bolonýezli superkarlara bolan isleg ýokarlandy, bu babatda iň gowy ösüş depginini Aziýa-Ýuwaş ummany sebiti görkezdi. Bu ýerde, esasan, Urus krossoweri has köp satyldy.

Elbetde, Lamborghini mikroçipleriniň ýetmezçiliginden kösenmedi, sebäbi Urus krossowerleriniň dokuz aýdaky satuwy 4085 birlige (geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, +25%) çenli artdy we alyjylar Huracan superkarlarynyň 2136 sanysyny satyn aldylar (+28%).

Lamborghini öz awtoulaglaryny Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Afrika sebitlerinde has köp satýar (38 göterime golaý), onuň ikinji uly bazary Amerika (35% töweregi) bolup durýar. Galan krossowerler we superkarlar çalt ösýän Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde satylýar. Täze Lamborghini-niň alyjylarynyň 59%-i Urus-y, 31%-i Huracan-y, 10%-i bolsa Aventador-y satyn alýarlar.

Geçen ýyl bilen deňeşdirilende, göterim nukdaýnazaryndan sarp edijileriň islegleriniň kän bir üýtgemändigi we tiz wagtdan Urus-yň satuw taryhynyň iň köp satylýan Lamborghini modeline öwrüljekdigi aýdylýar.


27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

16.05.2026 18:14
4.5k+

Lamborghini taryhynda iň güýçli rodsterini hödürledi: ony bary-ýogy 15 adam sürüp biler

Lamborghini markasy öz taryhyndaky iň kuwwatly açyk awtomobili bolan täze Fenomeno rodsterini tanyşdyrdy. Modeliň gibrid güýç gurluşy 1080 at güýjüni öndürýär. Kompaniýa bu awtomobilden diňe 15 nusga çykarmagy......

11.05.2026 11:24
2.6k+

Lamborghini 63 ýyllygyny belleýär: Italiýanyň brendiniň üstünliginiň taryhy we sanlaryň jadygöýligi

Italiýanyň Lamborghini awtoulag öndürijisi 63 ýyllygyny belleýär. Bu wakanyň şanyna kompaniýa 9-njy we 10-njy maýda Imola şäherindäki Enso we Dino Ferrari adyndaky awtodromda giňden ýaýbaňlandyrylan......

01.04.2026 16:47
3.6k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......