The Verge: «Facebook» rebrending geçirer

  • 24.10.2021 14:48
  • 1.4k+
The Verge: «Facebook» rebrending geçirer

Facebook özüniň diňe bir adybir sosial ulgamy bilen däl, eýsem, önümleriniň tutuş “älemi” bilen utgaşmagy üçin kompaniýanyň adyny üýtgetmekçi bolýar. Bu barada “The Verge” portaly habar berýär.

Indi gök “Facebook” nyşany WhatsApp, Instagram, Oculus ýaly başga-da birnäçe çeşmelere eýe bolan esasy kompaniýanyň tutuş özüni däl-de, onuň önümleriniň diňe birini alamatlandyrar.

Habar berilmegine görä, Facebook-yň baş direktory Mark Sukerberg kompaniýanyň adynyň üýtgeýändigini 28-nji oktýabrda geçiriljek her ýylky konferensiýada mälim etmegi meýilleşdirýär. Ýöne bu ondan öňem bolup biler diýip, portal ýazýar.

Ýöne Sukerberg iýul aýynda “The Verge” podkastynda çykyş edip, kompaniýanyň ýakyn bäş ýylda ulanyjylaryň gözünde üýtgemegi maksat edinýändigini eýýäm aýdypdy.

“Kompaniýamyzyň işiniň indiki tapgyrynda ulanyjylaryň ony sosial ulgam kompaniýasy hökmünde görmeginden daşlaşarys we "metaälem" kompaniýasy hökmünde görülmegini gazanarys. Elbetde, häzirki döwürde adamlaryň ulanýan programmalary boýunça alyp barýan işlerimiziň hemmesi jemgyýet gurmak nukdaýnazaryndan şol garaýşy emele getirmäge gönüden-göni goşant goşýar"-diýip, Sukerberg şol çykyşynda belläpdi.


01.08.2024 17:32
2.5k+

Meta kompaniýasy Ýewropa Komissiýasyna 13,4 milliard dollar möçberinde jerime tölemeli bolup biler

Ýewropa Komissiýasy (ÝK) monopoliýa garşy kanunlary bozandygy üçin Meta kompaniýasyna jerime salmaga taýynlanýar. Jerimäniň möçberi 13,4 milliard dollara ýetip biler, bu möçber Metanyň 2023-nji ýyldaky global girdejisiniň...

04.02.2024 23:54
3.7k+

Meta 196 milliard dollar gazanyp, bir günlük ösüş rekordyny goýdy

Facebook we Instagram sosial ulgamlaryna eýe bolan Meta korporasiýasy 2024-nji ýylyň 2-nji fewralynda 196 milliard dollar gazanyp, bir günlük ösüş rekordyny goýdy. Hünärmenler şeýle täsirli ösüşi diwidend tölegleriniň...

05.01.2024 11:32
9.2k+

Sukerberg Meta-nyň tas ýarym milliard dollarlyk paýnamasyny satdy

Meta Platforms-yň ýolbaşçysy Mark Sukerberg 2023-nji ýylyň dördünji çärýeginde kompaniýanyň, takmynan, 428 mln dollarlyk paýnamasyny satdy. Bu barada Bloomberg-e salgylanyp, Report agentligi habar berýär. Bellenilişi...

28.11.2023 20:01
22k+

Mark Sukerbergiň gün tertibi: näçede turýar, nähili geýinýär...

Dünýäniň iň baý adamlaryndan biri bolan Mark Sukerberg köp wagtyny işe sarp edýär, ýöne şol bir wagtyň özünde syýahat etmäge, çagalary bilen güýmenmäge we MMA-nyň pälwanlary bilen türgenleşmäge hem wagt tapýar...