Hakerlere iPhone 13-i "döwmek" üçin bary-ýogy bir sekunt gerek boldy

  • 24.10.2021 14:49
  • 13k+

Apple 13 seriýaly modelleriň operasiýa ulgamyna aralaşmak boýunça ilkinji üstünlikli synanyşyk hakynda mälim edildi. Bu barada "Laýf" portalyna salgylanyp, pcnews.ru habar berdi.

“MyDrivers”-iň habar bermegine görä, Hytaýyň “Tianfu Cup 2021” bäsleşigi geçirildi. Onuň esasy şertleriniň biri iOS 15 ulgamyna aralaşmak we smartfonyň içinden surat pozmakdy. Bäsleşige gatnaşyjy hakerleriň biri muny bary-ýogy bir sekuntda ýerine ýetirmegi başardy.

“Pangu Lab” hakerleri smartfony döwmek üçin iOS 15 ýadrosyndaky we Safari brauzerindäki "gowşak nokatdan" peýdalanypdyrlar. Şeýle hem uzak aralykdan smartfony jeýlbreýk etmegiň (döwmegiň) möhümdigi bellenildi.


06.02.2026 14:14
653

Apple bilen Lenovo-nyň yhlasy bilen planşet bazary geçen ýyl tas 10% ulaldy

Omdia seljeriji kompaniýasynyň hasabatyna görä, 2025-nji ýylda dünýäniň planşetler bazary durgunlykdan soň gaýtadan dikeldi. Iberilen önümleriň möçberi 9,8% ösüp, 162 million gurluşa ýetdi we bu 2020-nji ýyldan bäri iň ýokary görkeziji diýmekdir...

04.02.2026 09:14
2.4k+

Eplenýän iPhone Fold Apple-iň taryhyndaky iň uly akkumulýatora eýe bolar

Apple-iň öňümizdäki güýz paslynda özüniň ilkinji eplenýän smartfony bolan iPhone Fold modelini çykarmagy meýilleşdirýändigi öňden belli. Indi üpjünçilik zynjyryndan alnan täze maglumatlara görä, täze model kompaniýa üçin rekord dereje bolan 5500 mAs göwrümli akkumulýatora eýe boljakdygy anyklanyldy...

15.01.2026 22:08
1.3k+

Apple has "akylly" Siri-ni döretmek üçin Google Gemini tehnologiýasyny saýlady

Apple we Google kompaniýalary köp ýyllyk hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşdylar. Bu ylalaşygyň çäklerinde Gemini emeli aň modeli Siri ses kömekçisiniň täzelenen wersiýasyny döretmek üçin ulanylar. Siri-niň täze görnüşini şu ýylyň ahyryna çenli tanyşdyrmak meýilleşdirilýär...

20.10.2025 10:07
990

Apple sensor ekranly MacBook Pro taýýarlaýar

Apple amerikan kompaniýasy 2026-njy ýylyň ahyrynda ýa-da 2027-nji ýylyň başynda ilkinji sensor displeýli MacBook Pro noutbugyny hödürlemegi meýilleşdirýär. Bu barada çeşmelere salgylanyp, Bloomberg habar berýär...