Türkmen önümlerini Şweýsariýa eksport etmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

  • 22.10.2021 09:22
  • 5.8k+

21-nji oktýabrda onlaýn görnüşde geçirilen türkmen-şweýsar işewürler forumyna Türkmenistanyň we Şweýsariýa Konfederasiýasynyň söwda edaralarynyň, birnäçe ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar. Şweýsariýa tarapyndan foruma bu ýurduň nebitgaz, energetika, gurluşyk, binagärlik, maşyngurluşyk, demir ýol gurluşygy we kommunikasiýa ulgamlarynda ýöriteleşdirilen kompaniýalarynyň 40-a golaýynyň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ykdysady we maýa goýum babatynda amatly şertleriň döredilmegine ýardam edýän “Açyk gapylar” syýasatyna syn berildi. Daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň hatarynda ýurdumyzda nebitgaz, dokma senagaty, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, gurluşyk, ulag we logistika ulgamlarynda iş alyp barýan şweýsar kompaniýalary hem bar. Duşuşykda Türkmenistanda öndürilýän önümleriň Şweýsariýa eksport edilýän möçberlerini artdyrmagyň geljegi-de ara alnyp maslahatlaşyldy.


düýn 19:30
1.8k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......

düýn 08:13
1.6k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.1k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......

18.06.2026 22:09
1.4k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......