«Garagum» myhmanhanasynyň, «Erkin» seýilgähiniň, Magtymgulynyň heýkeliniň gurluşyklary tamamlaýjy tapgyrda

  • 19.10.2021 09:50
  • 17k+

18-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Döwlet Baştutany iş maslahatynyň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary Ç.Purçekowy we Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymowy göni aragatnaşyga çagyrdy.

Häkim paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäheri abadanlaşdyrmak we baýramçylyk dabaralaryna taýýarlyk görmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Şäheriň jemagat hojalygy gulluklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, Aşgabatda arassaçylygy saklamak hem-de abadanlaşdyryş işlerini geçirmek maksady bilen, ýörite tehnikalar satyn alynýar. Şeýle ulaglaryň täze tapgyry ýakynda ýurdumyza gelip başlady.

Şu ýylda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky işleriň ýagdaýy barada aýdyp, häkim häzir “Garagum” myhmanhanasynyň hem-de “Erkin” seýilgähiniň, Magtymguly Pyragynyň Köpetdagyň eteginde bina edilýän heýkeliniň gurluşyklarynda alnyp barylýan işleriň tamamlaýjy tapgyra gadam goýandygyny nygtady.

Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramy mynasybetli meýilleşdirilýän baýramçylyk çärelerine taýýarlyk hem-de gyş möwsüminiň gelip ýetmegi bilen, mekdepleriň, çagalar baglarynyň we ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamyny bökdençsiz işletmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barada-da hasabat berildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu ýyl açylmagy meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda tamamlanmagy we olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutany Halkara Bitaraplyk gününiň hormatyna meýilleşdirilen dabaralara görülýän taýýarlyk işleri barada aýdyp, olaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini belledi.


düýn 16:03
2.2k+

Türkmenistanyň BAE-däki ilçisi Kuweýtde-de ilçi bellenildi

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (BAE) Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Baýram Akmyradowiç Baýramow, şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Kuweýt Döwletindäki ilçisi wezipesine bellenildi....

düýn 13:45
11k+

Türkmenistanyň birnäçe etrabynda häkimleriň orunbasarlarynyň wezipä bellenilmegi tassyklanyldy

24-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynda kadr üýtgeşmeleri barada birnäçe Karara gol çekdi. Kararlar welaýat we etrap......

düýn 13:39
10k+

Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe etraplaryň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleri geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2026-njy ýylyň 24-nji aprelinde Mary we Lebap welaýatlarynyň etraplarynyň ýolbaşçylygyndaky üýtgeşmeler hakynda birnäçe Permana gol çekdi....

düýn 12:10
1.3k+

Türkmenistanda Argentinanyň täze ilçisi işe başlady

24-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Argentinanyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi Enrike Ignasio Ferrer Wieýradan ynanç hatyny kabul etdi....