Volkswagen sürüjisiz tiz kömek ulaglaryny döreder

  • 16.10.2021 18:38
  • 10k+

Volkswagen geljekde öz-özi dolandyrylýan ID.Buzz miniweniniň konseptini tanyşdyrdy. Awtoulag üç görnüşde: tiz kömek, eltip bermek hyzmaty we taksi görnüşinde hödürlendi. Bu barada Volkswagen-iň Youtube kanalyna salgylanyp, "Rusbase" neşiri habar berdi. 

Bu konsept Gamburgda intellektual ulag ulgamlary boýunça Bütindünýä kongresinde hödürlendi. Bellenilişi ýaly, ID.Buzz-yň sürüjisiz tiz kömek ulagynda öňdäki oturgyç enjamlara "bakýar", oňa perpendikulýar ýerleşen ikinji oturgyç bolsa hassa üçin niýetlenendir. Daşky görnüşi boýunça bu miniwen adaty tiz kömek ulaglaryndan tapawutlanmaýar.

Miniweniň eltip beriş wersiýasynda öňdäki oturgyç hem salonyň içine gönükdirilen. Onuň taksi görnüşinde bosla 4 oturgyç we stol bar.

Çeşme, miniweniň interýerleriniň gaýtadan işlenen materiallardan, şol sanda senagat galyndylaryndan, plastmassa we köne balyk torlaryndan ýasaljakdygyny nygtaýar. Bu materiallar pol düşekleri, şeýle-de gapy kartalary we dolandyryş paneli üçin hem ulanylar.


25.05.2026 16:22
2.6k+

GM awtoulaglary «bilelikdäki aň» arkaly päsgelçilikleriň içinden parran «görüp» bilerler

General Motors konserni ýol ýagdaýyny bilelikde kabul etmek ulgamyny («Collaborative Perception System») patentleşdirdi. Bu ulgam awtoulaglara maglumat alyşmaga we «kör zolaklary» bolmadyk giňişligiň ýeke-täk......

14.05.2026 11:11
4.6k+

Ýapon hili nemes tehnologiýasyna garşy: Toyota bilen VW-niň ygtybarlylygynyň detallaýyn deňeşdirmesi

Consumer Reports neşiriniň täze geçiren barlagyna görä, Toyota ýapon brendi nemes Volkswagen kompaniýasyndan öňünden çaklanylýan ygtybarlylyk babatda uly artykmaçlygy görkezdi....

13.05.2026 09:33
7.6k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

10.05.2026 21:39
3.9k+

Porsche satuwyň peselmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy we käbir golçur kompaniýalaryny ýapýar

Germaniýanyň Porsche awtoulag öndürijisi giň gerimli gaýtadan guramak işleriniň çäginde özüniň Porsche E-Bike Performance, Cellforce Group we Cetitec ýaly golçur kompaniýalarynyň ýapylýandygyny yglan etdi....