Hususyýetçilik türkmen ykdysadyýetinde esasy orny eýeleýär

  • 16.10.2021 18:13
  • 6.6k+

Hökümetiň 15-nji oktýabrda geçirilen mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysadyýetde döwlete degişli bolmadyk ulgamyň eýeleýän ornunyň ýokarlandyrylmagynyň Türkmenistany 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenilendigini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işini we düzümini has-da kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berip, Türkmenistanda kiçi we orta işewürligiň wekilleriniň işlemegi üçin zerur şertler üpjün edilýär, döwlet derejesinde hususy ulgamy ösdürmek boýunça maksatnamalar durmuşa geçirilýär, bu bolsa iň täze tehnologiýalary hem-de öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak arkaly döwrebap önümçilikleri döretmäge mümkinçilik berýär. Şeýle kärhanalarda çykarylýan ýokary hilli önümler içerki bazarlarda bolşy ýaly, daşary ýurtlarda-da uly islegden peýdalanýar diýip belledi.

Telekeçiler ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna uly goşant goşýarlar, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly önümleriň öndürilişiniň mukdaryny artdyrýarlar diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere göz öňünde tutulan çäreleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi hem-de öňde goýlan wezipeleriň çözülmegi bilen baglylykda birnäçe tabşyryklary berdi.


düýn 02:46
2.1k+

Aşgabatda geçiriljek sergä Türkiýäniň 100-e golaý kompaniýasy gatnaşar

Şu ýylyň fewral aýynda paýtagtymyzda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu çärä gatnaşmak üçin Türkiýäniň dürli ugurlarda ýöriteleşen 100-e golaý kompaniýasy hasaba alyndy...

30.01.2026 12:22
2k+

Aşgabatda mart aýynda IFT 2026 halkara maýa goýum forumy geçiriler

«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumy (IFT 2026) 18-nji martda Aşgabatda geçiriler. Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda bolar. Forumyň guramaçylary hökmünde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi TMT Consulting Group konsalting kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär...

28.01.2026 13:31
1.8k+

Türkiýäniň söwda ministri Aşgabatda geçiriljek türk eksport harytlarynyň sergisine gatnaşar

2026-njy ýylyň 10–12-nji fewraly aralygynda Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport önümleriniň 12-nji sergisi geçiriler. Serginiň açylyş dabarasyna öz ýurdunyň resmi wekiliýetine ýolbaşçylyk etmek bilen Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Omer Bolat gatnaşar...

08.11.2025 09:37
5.5k+

ABŞ-da türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitlediler

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde «Türkmen-amerikan işewürler hyzmatdaşlygy: ösüşiň täze mümkinçilikleri we geljegi» atly işewürlik maslahaty geçirildi...