Türkmen Lideri: halkara hukuga hormaty, gepleşikler medeniýetini, ynanyşmagy berkitmek zerur

  • 16.10.2021 17:52
  • 4.8k+

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde eden çykyşynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow: «Biziň pikirimizçe, ýakyn ýyllarda global proseslerde durnukly orunlaryň gazanylmagy maksady bilen, Arkalaşygyň ykdysady özara hereketleriniň ösdürilmegi, umumy senagat, gor, tehnologik mümkinçilikleriniň ulanylmagy öňe çykýan meseleleriň hatarynda bolar» diýmek bilen, Türkmenistanyň Arkalaşygyň Ýewropa ugruna çykmagy bilen, Merkezi Aziýa we Hazar basseýni sebitlerinde ulag-logistik geçelgeleriň döredilmegi boýunça birnäçe başlangyçlary öňe sürendigini nygtady. 

2022-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär, çünki bu GDA döwletleriniň aglabasy üçin derwaýys mesele bolup durýar. Özara hereketleriň möhüm ugurlarynyň hatarynda Türkmenistan ählumumy howpsuzlygynyň emele gelen binagärliginiň bilelikde goralmagyny, halkara hukugynyň hem-de BMG-niň Tertipnamasynyň kadalarynyň saklanylmagyny öňe çykarýar we bu ugurda dünýä syýasatyna hukuga bolan hormatyň, gepleşikler medeniýetiniň, ynanyşmagyň hem-de döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň kesgitliliginiň gaýtaryp getirilmegi derwaýys häsiýete eýe bolýar, diýip türkmen Lideri belledi.

Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde geçirilýän çäreleri jemlemek bilen, Türkmenistanyň Aşgabatda «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahaty geçirmegi meýilleşdirilýändigini beýan etmek bilen, türkmen Lideri Arkalaşygyň agza ýurtlaryny bu çärä işjeň gatnaşmaga çagyrdy. Şeýle-de koronawirus pandemiýasyna garşy göreş hem-de onuň durmuş-ykdysady netijeleriniň peseldilmegi Arkalaşygyň ýurtlarynyň bilelikdäki işleriniň esasy ugurlarynyň hatarynda öňe çykaryldy.


şu gün 07:42
157

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......