VanMoof kompaniýasy dünýäde iň ýokary tizlikli elektrikli welosipedi döretdi

  • 16.10.2021 17:56
  • 13k+

Niderlandlaryň VanMoof kompaniýasy tizligi sagatda 60 kilometre ýetip bilýän ilkinji elektrikli welosipedi döredendigi hakynda maglumat ýaýratdy. Bu bolsa onuň öňden bar bolan modelleriniň tizligiden has ýokarydyr diýip, 3dnews.ru habar berdi.

Öndürijiniň ozaldan bar bolan modelleriniň iň ýokary tizligi - Ýewropada sagatda 25 kilometr, ABŞ-da bolsa 20 mil/s. Täze önümiň käbir aýratynlyklary köp ýurtlaryň kanunlaryna asla laýyk gelmeýär.

VanMoof V elektrikli welosiped bolup, onda ulanyjy hem pedal arkaly ulaga kömek edip bilýär. Ulagyň aýratynlyklary kanun çykaryjylary we şäher gurluşygyna jogapkär emeldarlary şäher infrastrukturasyny gurmagyň ýörelgelerine täzeden garamaga mejbur edip biler, sebäbi bu model jemgyýetçilik ýollarynda-da, pyýada ýollarynda-da, iň bolmanda, sürüjiniň özi üçin howply bolar. Şeýle-de bolsa, has ýokary netijeliligi we ykjamlygy sebäpli onuň geljegi uly hasaplanýar.

Bu V modeli iki tigiri hem aýratyn elektrik hereketlendirijileri bilen hereket edýär we 700 Wt/s batareýa bilen işleýär. Bu energiýa ätiýaçlygy uzak welosipedli gezelençleri amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem onuň “Turbo Boost” düwmesi, ogurlykdan goramak üçin açarsyz gulp ulgamy ýaly aýratynlyklary bar.


düýn 10:31
5.4k+

Samsung täze çip, ýöne birje kemçilik bilen Galaxy A27 5G smartfonyny hödürledi

Samsung kompaniýasy orta derejeli Galaxy A27 5G smartfonynyň resmi tanyşdyrylyşyny geçirdi. Täze model Snapdragon tarapyndan öndürilen täze prosessor, frontal paneliň täzelenen dizaýny we uzak möhletli......

27.06.2026 10:51
1k+

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

24.06.2026 23:26
3.1k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.2k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......