Iň meşhur kompýuter we noutbuk öndürijileriniň reýtingi täzelendi

  • 15.10.2021 08:30
  • 6.9k+

IDC gözleg firmasynyň hünärmenleri 2021-nji ýylyň üçünji çärýeginde haýsy kompýuter we noutbuk öndürijileriniň has meşhur bolandygyny anyklamak üçin täze gözleg geçirdiler. Bu barada pcnews.ru habar berdi.

Reýtingde, takmynan, 19,8 million enjamy (dünýä möçberiniň 22,8 göterimi) bazara çykaran “Lenovo” birinji ýerde durýar. Ikinji orunda HP (17,6 million enjam, 20,3%), üçünji orunda Dell (takmynan, 15,2 million enjam, 26,6%) ýerleşdi.

Umuman alanyňda, bu döwürde dünýäde 86 milliondan gowrak kompýuter, şol sanda noutbuklar we iş stansiýalary bazara çykdy. "Reseller News"-yň habaryna görä, bu görkeziji, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3,9% köpdür. Häzirki wagtda dünýä bazarynyň mikroshemalaryň ýetmezçiliginden halas bolmaga çalyşýandygyny göz öňünde tutsaň, bu juda geň galdyryjydyr.

"Personal kompýuterler pudagy üpjünçilik we logistika taýdan kynçylyklary başdan geçirmegini dowam etdirýär we gynansak-da, soňky aýlarda ýagdaýlar kän bir gowulaşmady. Häzirki ýagdaýlary göz öňünde tutup, käbir öndürijileriň üpjünçiligiň paýlanyşynda bazarlaryň ileri tutulýan ugurlaryny üýtgedýändigini görýäris. Bu ösüp barýan sebitlerde ösüşi saklamaga kömek edýär, ýöne käbir ösen bazarlarda barybir haýallaýar" - diýip, IDC gözleg firmasynyň gözleg menejeri Jiteş Ubrani aýtdy.

şu gün 01:03
2.5k+

47 million galaktikadan we kwazardan gelýän ýagtylyk: Älemiň iň jikme-jik 3D kartasy döredildi

Halkara DESI taslamasy Älemiň iň uly we iň jikme-jik üç ölçegli kartasyny düzüp, 47 milliondan gowrak galaktikadan we kwazarlardan düşýän ýagtylygy ýazga aldy....

düýn 23:19
1.1k+

Rus alymlary melanomanyň maksatly terapiýasy üçin plýonka döretdiler

ITMO uniwersitetiniň we Kant adyndaky Baltika federal uniwersitetiniň alymlary sagdyn öýjüklere zeper ýetirmezden, deri çişlerine garşy dermanlary maksatly goýbermek üçin material işläp düzdüler....

düýn 14:21
3k+

Şalynyň zyýankeş gurçuklary duzaga salmak we öldürmek häsiýetiniň bardygy anyklandy

Arkanzas uniwersitetiniň alymlary şalynyň öz tüýjümek sümmül gurluşyny duzak hökmünde ulanyp, mekge ýapragynyň sowkasyny fiziki taýdan öldürip bilýändigini anykladylar. Bu barada Ecological Processes......

16.05.2026 23:58
3k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......