Antarktidada iň sowuk gyş hasaba alyndy

  • 10.10.2021 16:56
  • 14k+

Aprel-sentýabr aýlary aralygynda alymlar Antarktidada minus 61 gradus temperaturany hasaba aldylar. Bu barada Live Science salgylanyp, vokrugsveta.ru habar berdi.

Munuň özi 1957-nji ýylda howanyň ýagdaýyna gözegçilik edilip başlanaly bäri iň pes temperatura bolup durýar. Mundan öňki rekord 1976-njy ýylda, ýagny Antarktidadaky ortaça temperatura minus 60,6 gradusa düşende hasaba alnypdy.

Hünärmenleriň pikiriçe, Antarktidada geçen gyş soňky 30 ýyldakydan ortaça 2,5 gradus sowuk boldy. Ýadymyzda bolsa, bütin dünýäde geçen tomus hem soňky ýyllaryň iň yssy tomsuna öwrülipdi.


18.02.2026 09:22
4.4k+

2026-njy ýylyň ilkinji Gün tutulmasy boldy. Bu hadysany Ýer ýüzünde bary-ýogy sanlyja adam gördi

17-nji fewralda Antarktidada 2026-njy ýylyň ilkinji Gün tutulma hadysasy hasaba alyndy. Aşgabat wagty bilen sagat 16:44 töweregi Aý Günüň merkezi bölegini doly örtüp, onuň diňe gyralarynyň görünmegini, ýagny "otly halka" täsirini emele getirdi...

22.12.2025 14:55
10k+

Arktikada howanyň temperaturasy rekord dereje gyzdy - NOAA

2024-nji ýylyň oktýabryndan 2025-nji ýylyň sentýabryna çenli bolan döwürde Arktikada howanyň temperaturasy 1900-nji ýyldan bäri geçirilen gözegçilikleriň taryhynda iň ýokary derejä ýetdi. Bu barada ABŞ-nyň Milli umman we atmosfera barlaglary müdirligi (NOAA) habar berdi...

02.09.2025 18:52
12k+

Dünýäde iň uly aýsberg bolan A23a tomusda üç bölege bölündi

Dünýäde iň uly aýsberg A23a tomusda, takmynan, 1000 inedördül kilometr ýitirip, üç bölege bölündi. Bu barada Arktika we Antarktika ylmy-gözleg instituty habar berýär. Institutyň maglumatlaryna görä, bir wagtyň özünde meýdany 60-dan 300 inedördül kilometre çenli bolan üç uly bölek bölündi – aýsberg öz meýdanynyň, takmynan, 36%-ini ýitirdi...

05.06.2025 10:12
10k+

Ägirt uly aýsberg A23a Antarktidanyň kenarynda saýdan çykyp, ýene ýüzüp başlady

Ululygy boýunça Lýuksemburgyň çägi bilen deňleşýän A23a ägirt uly aýsbergi  Günorta ummanyň suwlarynda ýene-de hereket edip başlady. Bu barada Arktika we Antarktika ylmy-gözleg institutynyň metbugat gullugy habar berdi...