Türkmenistanyň Prezidenti Dubaýda BAE-niň energetika ministri bilen duşuşdy

  • 10.10.2021 15:55
  • 6.8k+

9-njy oktýabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Dubaý şäherinde geçirilýän «EKSPO-2020» Bütindünýä sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň milli gününiň açylyş dabarasy geçirildi. Iş saparynyň çäginde Türkmenistanyň Prezidenti Şeýh Maktum adyndaky Halkara howa menzilinde Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika ministri Suhail Mohamed Al Mazrui bilen duşuşyk geçirdi.

TDIM-niň Metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň ýokary derejesini bellemek bilen, taraplar iki ýurduň energetika, gazhimiýa we özara gatnaşyklaryň geljegi uly bolan beýleki ugurlary boýunça hyzmatdaşlygynyň aýratyn netijeliligini beýan etdiler.

Şeýle-de Türkmenistanyň we BAE-niň bu ulgamlardaky ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň üstünlikli amala aşyrylýandygy nygtaldy.


düýn 22:17
855

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3.1k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......