BSGG ilkinji gezek kowidden soňky ýagdaýa kesgitleme berdi

  • 10.10.2021 16:00
  • 10k+

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) öz saýtynda kowidden soňky sindrom diýlip atlandyrylýan ýagdaýa jikme-jik düşündiriş berýän resminamany ýerleşdirdi. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

BSGG hünärmenleriň kowidden soňky ýagdaýa berýän kesgitlemeleriniň “üýtgäp durýandygyny” we munuň “barlaglaryň geçirilmegini we kliniki syýasatyň işlenip düzülmegini kynlaşdyrýandygyny” düşündirýär. Şunuň bilen baglylykda, BSGG-niň iş toparynyň 17 hünärmeni ylalaşykly kesgitlemäni bermek üçin hünärmenleriň, hassalaryň we guramanyň işgärleriniň gatnaşmagynda giňişleýin maslahat geçirdi.  

Hünärmenleriň maglumatlary boýunça, hassalaryň azyndan 10-20 göterimi “uzak möhletli COVID-den” ýa-da kowidden soňky sindromdan ejir çekýär. Kesel koronawirus bilen keselläniňden üç aýdan soň özüni görkezip başlaýar we iki aýa çenli dowam edýär. Şol bir wagtyň özünde, kesellän adamyň özüni gowy duýýan döwürleri we pursatlary birnäçe gezek üýtgäp bilýär.  

Lukmanlar onuň esasy alamatlary hökmünde aşa ýadawlygy, dem gysmany, şeýle-de kognitiw disfunksiýanyň alamatlarynyň ýüze çykmagyny we adamyň gündelik durmuşyna täsir edýän başga-da birnäçe alamatlary bellediler.       

BSGG başga bir diagnozlar bilen düşündirip bolmaýan şeýle ýagdaýlary kowidden soňky sindroma degişli etmeli diýen netijä geldi. 


08.06.2026 07:29
2.9k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

18.05.2026 14:46
5k+

BSGG Afrikadaky Ebola keseli sebäpli halkara derejeli adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda we Ugandada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyny jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda halkara ähmiýetli adatdan daşary ýagdaý diýip......

10.05.2026 18:46
4.3k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

06.05.2026 16:42
5.3k+

BSGG Atlantik ummanyndaky kruiz laýnerinde hantawirusyň ýüze çykandygyny habar berdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kabo-Werdeniň kenarlarynyň golaýynda ýerleşýän «Hondius» kruiz laýnerinde hantawirus hadysalarynyň ýüze çykandygyny habar berdi....