Panama kanaly geçiriş ukyby boýunça rekordy täzeledi

  • 10.10.2021 16:04
  • 6.1k+

Panama kanaly bir maliýe ýylynda geçirilen ýükleriň agramy boýunça täze rekord goýdy. Bu barada Prensa Latina agentligi habar berýär diýip, TASS belleýär.

Onuň maglumatlary boýunça, 2020-nji ýylyň oktýabr aýyndan 2021-nji ýylyň sentýabr aýy aralygynda kanaldan azyndan 500 mln tonna ýük geçdi. Bir ýyl mundan öň, Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) pandemiýanyň netijeleri sebäpli dünýä söwdasynyň 7,2% peseljekdigi we kanal arkaly üstaşyr geçirişiň 10% azaljakdygy baradaky çaklamalaryna garamazdan, ummanara magistraly 475 mln tonna ýük geçirdi.

Panama kanaly koronawirus pandemiýasy sebäpli, Panamada galan ykdysady işleriň doly derejede diýen ýaly togtadylan wagtynda hem açyklygyna galdy. Bu kanal 1999-njy ýylda Panamanyň ygtyýaryna berlenden bäri Latyn Amerikasynyň ýurduna 18 milliard dollardan gowrak girdeji getirdi. 

Ýatlap geçsek, Panama kanaly 1920-nji ýylda açyldy. Bu Ýuwaş ummanyň Panama aýlagyny Karib deňzi we Atlantik ummany bilen birleşdirýän gämi kanalydyr. Ol Panama döwletiniň çäginde Panama gury ýer zolagynda ýerleşýär. 

2007-nji ýylda kanaly täzelemek boýunça işler başlandy. Bu işler 2016-njy ýyla çenli dowam etdi. Bu döwürde şlýuzlaryň ini 34-den 55 metre, çuňlugy 12-den 18 metre çenli uzaldyldy. Habar berlişi ýaly, kanaly täzelemek boýunça işlere 5,4 mlrd dollar sarp edildi. 


şu gün 09:58
688

Hytaýda dünýäniň iň uly demir ýol menzili açyldy

Hytaýyň Çunsin şäherinde meýdany boýunça dünýäde iň uly hasaplanýan Gündogar demir ýol menziliniň gurluşygy tamamlandy. Umumy meýdany 1,22 million kwadrat metr bolan bu ägirt uly toplum Hytaýyň ýokary tizlikli......

13.05.2026 22:54
2.2k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

11.05.2026 15:51
6k+

Wýetnam 16 milliard dollarlyk täze mega howa menzilini gurýar

Wýetnam dünýäde iň uly infrastruktura taslamalarynyň birini - 16 milliard dollarlyk Longthan mega howa menziliniň gurluşygyny durmuşa geçirmäge başlady....

03.05.2026 16:02
12k+

Şäherleriň ululygyndaky howa menzilleri: dünýäniň iň uly 7 howa menzili

Häzirki zaman howa menzilleri köpden bäri diňe uçuş we gonuş nokatlary bolmagyny bes etdi. Olar awiasiýanyň geljekki onlarça ýyllar öňünden logistika, biznes we strategiýa bilen baglanyşykly giň......