Türkmenistanda 2022-nji ýylyň nyşany üçin bäsleşik yglan ediler, çäreleriň maksatnamasy taýýarlanar

  • 09.10.2021 14:13
  • 7.1k+

Hökümetiň 8-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti geljek ýylda halkara başlangyçlary durmuşa geçirmäge gönükdirilen birnäçe halkara hem-de içerki çäreleriň geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny belläp, täze ýyla çenli galan wagtyň içinde geljek ýylyň iň gowy nyşany üçin bäsleşik yglan etmegi tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa we beýleki wise-premýerlere geljek ýylda geçiriljek çäreleriň maksatnamasyny taýýarlamagy tabşyrdy. Bu maksatnama Ministrler Kabinetiniň mejlisleriniň birinde seredilip, soňra ol tassyklanylar.

Türkmen Lideri 12-nji dekabrda bellenilýän Halkara Bitaraplyk gününi geçirmegiň hem-de 2022-nji ýylda göz öňünde tutulan halkara çärelere talabalaýyk taýýarlanmagyň möhümdigi barada degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berip: «Halkara Bitaraplyk baýramyny geçirmäge-de düýpli taýýarlyk görmek wajypdyr. Sebit we ählumumy derejede parahatçylygy hem durnuklylygy pugtalandyrmagyň, netijeli halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn okgunly ösüşiniň möhüm şerti hökmünde berkarar Watanymyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň dünýä bileleşigindäki ägirt uly ähmiýetini açyp görkezýän gepleşikleri we makalalary köpräk taýýarlamak zerurdyr» diýip nygtady.


10.04.2026 23:51
17k+

Alty zolak we akylly gözegçilik: Türkmenistanda gurlan awtoban näme bilen haýran galdyrýar?

Habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Ýoluň bu böleginiň ulanmaga......

10.04.2026 16:58
3.5k+

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Seulda türkmen talyplary bilen duşuşdy

7-nji aprelde Koreýa Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Koreýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary......

09.04.2026 19:44
1.2k+

Türkmen sungat ussatlary Grets-Armanwilýe şäherinde çykyş etdi

Fransiýanyň Grets-Armanwilýe şäherinde türkmen sungat ussatlarynyň konserti boldy. Bu çäre Türkmenistanyň ilçihanasy tarapyndan degişli ministrlik bilen bilelikde guraldy....

09.04.2026 16:01
18k+

Ýolöten etrabyndaky täze şäherçe nähili bolar: taslamadan suratlar

Ozal habar berşimiz ýaly, 8-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde 4 müň 500 hojalyga niýetlenen täze döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna......