«Nur Bina gurluşyk» kärhanasy Gökdepe etrabyndaky täze athanany gurar

  • 09.10.2021 13:42
  • 9.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 600 baş ahalteke atlaryny saklamaga niýetlenen döwrebap athananyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada degişli Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, “Türkmen atlary” döwlet birleşigine Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 600 baş ahalteke atlaryny saklamaga niýetlenen döwrebap athananyň taslamasyny düzmek hem-de onuň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp, gurmak barada «Nur Bina gurluşyk» hususy kärhanasy bilen şertnamany athana üçin aragatnaşyk, elektrik, gaz, suw üpjünçiliginiň hem-de lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inžener ulgamyny we desgalaryny gurmak hem-de olary umumy ulgama birikdirmek işlerini ýerine ýetirmek şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.

 Athananyň gurluşyk işleri 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda başlanar we 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga taýýar ediler.


düýn 10:55
5.2k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

08.06.2026 17:48
7.1k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 12:12
3.6k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3.4k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......